Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda «Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi», «Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri» jemgyýetçilik guramasy hem-de «Maslahatly çözgüt» we «Expert consulting» kompaniýalarynyň gatnaşmagynda IT hünärmenlerini taýýarlamak meselelerine bagyşlanan forsaýt-sessiýa geçirildi.
Bu çäre bilim ulgamy bilen zähmet bazarynyň arasynda IT ugurly hünärmenleri taýýarlamakda bar bolan boşluklary ýüze çykarmaga gönükdirildi. Şunuň bilen baglylykda, hünärmenleriň taýýarlygyny has kämil derejä ýetirmek üçin okuw meýilnamalary we maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sessiýanyň dowamynda «Akwarium» we «Dünýä kafesi» ýaly häzirki zaman interaktiw usullary ulanylyp, bilermenleriň arasynda giňişleýin pikir alyşmalar guraldy. Bu bolsa öňe sürlen teklipleriň netijeliligini we olaryň durmuşa geçirilip bilinjekdigini çuňňur seljermäge mümkinçilik berdi.
Çäräniň netijesinde IT hünärmenleriniň taýýarlygyny ösdürmek boýunça ýörite Ýol kartasy işlenip düzüldi. Şeýle hem bilim edaralary bilen işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň täze ugurlary kesgitlenildi. Amaly bilimleriň ähmiýetini güýçlendirmek zerurlygy aýratyn nygtaldy.
2026-njy ýylda geçirilen bu forsaýt-sessiýa Türkmenistanyň 2026–2028-nji ýyllar üçin Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant bolup durýar. Bu ädim häzirki hem-de geljekki zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk ýokary hünärli IT işgärlerine bolan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.
Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle sessiýalaryň yzygiderli geçirilmegi zähmet bazaryndaky özgerişleri wagtynda seljermäge we hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam eder.
Maýa TYLLAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň
6-nji orta mekdebiniň
informatika mugallymy.
Teswirler