Türkmen halky şan-şöhratly taryhynyň dowamynda umumadamzat baýlyklaryna maddy we maddy däl gymmatlyklaryň ençemesini goşmagy başaran beýik milletdir. Olaryň hatarynda ahalteke bedewlerimiz, alabaý itlerimiz, jadyly senedimiz — dutar, gözel türkmen halylarymyz ata-babalarymyz tarapyndan sünnälenip, ajaýyp sungat derejesine ýetirilip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Hususan-da, behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde halkymyzyň umumadamzat siwilizasiýasyna goşan ägirt uly goşandy hasaplanylýar. Geçmişden halkymyzyň uçar ganaty hasaplanan bedewlerimiz her bir türkmeniň ýakyn ýoldaşy, ynamdar syrdaşy hasaplanylypdyr.
Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Biz geljekde hem bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ylhamymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr. Ine, hut şonuň üçin hem ynsanyň we atyň söýgüsiniň hem-de dostlugynyň taryhy örän gyzyklydyr. Bu taryh 5 müň ýyl mundan öň başlanyp, häzir hem dowam edýär» diýip taryhy gymmatlygymyz bolan behişdi bedewlerimize häzirki wagtda hem uly sarpa goýulýandygy barada jaýdar belleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda ägirt uly işler amal edilýär. Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini, milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär. Tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler amala aşyrylýar. Hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň açylmagy pudagyň ösüşine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar.
Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem behişdi bedewlerimiziň milli we dünýä medeniýetiniň naýbaşy gymmatlygy bolup durýandygyny doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Goý, türkmeniň uçar ganaty — ahalteke bedewlerimiziň at-abraýyny Ýer ýüzünde belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Süleýman GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Teswirler