Bilim — ösüşiň gözbaşy

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan ägirt uly aladalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda birnäçe döwrebap ýokary okuw, ýörite orta hünär we orta mekdepleriň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýyl 1-nji sentýabr  — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy, Mary şäherinde Türkmenitanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň ulanmaga berilmegi-de ýokary bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Olaryň resmi web saýtlarynda bilim ojagynyň düzümi, bilim maksatnamalary we platformalary, fakultetler, hünärler barada giňişleýin maglumatlar, dalaşgärler üçin habarlar ýerleşdirilýär. Milli reýting ulgamynyň döredilmegi, Milli reýtingiň sanly portalynyň işe girizilmegi ýokary bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu gurallar bilimiň hiliniň obýektiw we açyk bahalandyrylmagyny üpjün edýär, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşikli gurşawy döredip, olary yzygiderli ösmäge, alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, okuw maksatnamalaryny, ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmäge höweslendirýär.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» hem ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Strategiýanyň maksady türkmen ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekden, ösdürmekden, daşary döwletlerde geçirilýän halkara forumlara, ylmy bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, pikir we tejribe alyşmaklaryny üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwletimiz tarapyndan edilýan şeýle aladalaryň, döredilýän ägirt uly mümkinçilikleriň netijesinde türkmen ýaşlary döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerdir olimpiadalara gatnaşyp üstünlikli çykyş edýärler. Halkymyzda «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýilýär. Şoňa görä-de, okamak, öwrenmek, döretmek arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Goý, ýaş nesilleriň kämil bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Tumar GURBANGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok