Sanly tehnologiýalaryň giňden ýaýramagy bilen birlikde kiberhowplaryň derejesi hem ep-esli ýokarlandy. Häzirki wagtda maglumat ulgamlary diňe bir ykdysady däl, eýsem döwlet howpsuzlygynyň hem möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin kiberhowpsuzlyk meselesi häzirki zaman jemgyýetiniň iň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi.
Kiberhowplar dürli görnüşlerde ýüze çykýar. Olaryň arasynda zyýanly programma üpjünçiligi (malware), fişing hüjümleri, maglumatlaryň ogurlanmagy, hyzmatdan ýüz öwürmek (DDoS) hüjümleri we ransomware ýaly howplar giňden ýaýrandyr. Ylmy maglumatlara görä, kiberhüjümler dünýä ykdysadyýetine her ýyl milliardlarça dollar zyýan ýetirýär.
Kiberhowplardan goranyşda birnäçe tehniki we guramaçylyklaýyn mehanizmler ulanylýar. Ilki bilen, maglumatlaryň şifrlenmegi (encryption) we güýçli parol syýasaty möhüm bolup durýar. Şeýle-de firewall ulgamlary, antivirus programmalary we intrusion detection system (IDS) ýaly gorag serişdeleri maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygyny üpjün edýär.
Mundan başga-da, häzirki döwürde kiberhowpsuzlykda emeli aň tehnologiýalary hem giňden ulanylýar. AI ulgamlar howply hereketleri öňünden anyklamaga we awtomatiki görnüşde çäre görmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de blokçeýn tehnologiýasy maglumatlaryň üýtgedilmezligini üpjün etmekde möhüm gural hökmünde çykyş edýär.
Halkara derejede kiberhowpsuzlyk boýunça standartlar we maslahatlar NIST we ISO ýaly guramalar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar. Bu standartlar maglumat ulgamlarynyň gorag derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanda hem sanlylaşdyrma bilen baglylykda kiberhowpsuzlyga aýratyn üns berilýär. Döwlet edaralarynda maglumat ulgamlarynyň goragyny üpjün etmek, sanly hyzmatlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli çäreler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar.
Şanazar BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler