Soňky ýyllarda emeli aň (AI) tehnologiýalarynyň çalt ösüşi dünýä ykdysadyýetiniň gurluşyna düýpli täsir edýär. World Economic Forum (WEF) berýän maglumatlaryna görä iri tehnologiýa kompaniýalary we senagat kärhanalary maglumat seljermesi, önümçilik prosesleriniň awtomatlaşdyrylmagy hem-de müşderi hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi üçin emeli aňy giňden ornaşdyrýarlar.
Bilermenleriň baha bermegine görä, emeli aň tehnologiýalary öndürijiligi ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, täze ykdysady ugurlaryň we iş orunlarynyň döremegine mümkinçilik döredýär. Mysal üçin, saglygy goraýyş ulgamynda keselleri irki tapgyrda anyklamak, maliýe ulgamynda töwekgelçilikleri seljermek we bilim ulgamynda şahsylaşdyrylan okuw programmalaryny döretmek ýaly mümkinçilikler giňden ulanylýar.
Şeýle-de emeli aňyň ösüşi bilen maglumat howpsuzlygy, etiki kadalar we iş bazarynyň üýtgemegi ýaly meseleler hem öňe çykýar. Şonuň üçin dünýä ýurtlarynda bu tehnologiýany kadalaşdyrmak we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Soňky döwürde emeli aňyň generatiw görnüşleriniň (tekst, surat, wideo döredýän ulgamlar) giňden ýaýramagy döredijilik pudagynda hem täze mümkinçilikleri açdy. Bu tehnologiýalar marketing, media we bilim ulgamlarynda giňden ulanylyp, mazmun döretmegiň täze usullaryny hödürleýär hem-de iş prosesleriniň tizligini ep-esli ýokarlandyrýar.
Juma JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler