Çary Nurymowyñ 85 ýyllyk ýubileýi

Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet hem-de Ýaşlar baýraklarynyň eýesi, professor Çary Nurymow örän ýiti, özboluşly kompozitor, jemgyýetçilik işgäridir. Ol türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň wekilleriniň ikinji nesline degişlidir. Çary Nurymow 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häzirki Bagt geňeşliginiň Täze güýç obasynda dogulýar. Ol Aşgabat şäherindäki döwlet sazçylyk uçilişşesinde (häzirki D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde) bilim alýar. Bu ýerde orkestr saz guraly goboý we sazyň nazaryýeti ugrundan okap, şol bir wagtda ol saz döretmek boýunça Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Kulyýewden tälim alýar. Soňra Moskwa şäherindäki Gnesinler adyndaky döwlet saz-mugallymçylyk institutyny professor G. Litinskiniň ýolbaşçylygynda kompozisiýa boýunça tamamlaýar.

Çary Nurymow kinofilmler üçin sazlary, fortepiano üçin pýesalary, romanslary we aýdymlary ýazýar. Kompozitoryň döredijiliginde aýdymlar aýratyn orun eýeleýär. Olaryň heňleri türkmen halk folklory bilen çuň bagly bolup durýar. “Toý aýdymy”, “Näzlim uz maňa”, “Aýgözel”, “Türkmenistan — baharystan” ýaly aýdymlary bagtyýarlyk döwrümizde halkymyzyň arasynda meşhur aýdymlar hökmünde toý-baýramçylyklarda ýaňlanýar. Sazy beýan etmegiň tärleri, sazlaşyklyk usullary, äheň düzümi Ç.Nurymowyň eserlerine özboluşly öwüşgin çaýýar. Ol türkmen milli sazlarynyň gadymy däp-dessurlaryny täze, döwrebap görnüşlerde açyp görkezýär. Ussatlyk bilen döreden eserleri barada aýdylanda, onuň 11 sany saz guraly üçin döreden “Teke nagyşlary” atly eserini ýatlamak bolar. Bu eserde kompozitor türkmen halkynyň durmuşyny, onuň däp-dessurlaryny, taryhyny, tebigatyny şöhlelendirýär. “Teke nagyşlaryndan” soňra döredilen “Fortepiano üçin konsert” hem ýurdumyzda ilkinji uly konsert eseridir. Ç.Nurymow truba, trombon ýaly üflenip çalynýan saz gurallary üçin konsert eserlerinide döredipdir. Kompozitoryň truba we orkestr üçin konsertini bolgariýaly meşhur ýerine ýetiriji Pýotr Karparow ilkinji gezek çalýar. Ussat kompozitor Çary Nurymow ilkinji bolup fortepiano saz guraly üçin fuga, kanon, fugettalar, prelýudiýalar ýaly köp sesli eserleri ýazýar. Fortepiano üçin “Ekspromt — fantaziýa” ajaýyp eserleriniň biri bolup durýar.

Ç.Nurymowyň döreden sazlary diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň sazandalary tarapyndan hem uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. 1988-nji ýylda Boston şäherinde geçirilen uly festiwala Ç.Nurymow hem Türkmenistanyň beýleki kompozitorlary bilen bir hatarda öz eserlerini hödürleýär. Ýerine ýetirilen eserleriň arasynda “Gazallar”, “Teke nagyşlary” sazlary Orta Aziýa we Günbatar döwletleriniň däp-dessurlarynyň sazlaşmagyna synanyşmasydyr. Boston şäheriniň görnükli tankytçylarynyň bellemegine görä, kompozitoryň örän täsirli we özboluşly saz eserleri öz ykraryýetini gazanýar. Bu eserler dünýä döwletlerinde geçirilýän dabaralarda elmydama ýerine ýetirilip durýar. 2006-njy ýylda Niderland Patyşalygynda “Gazallar” toplumy belentden ýaňlandy.

Kompozitor işjeň döredijilik işini mugallymçylyk işi bilen utgaşykly alyp barýar. Ol birnäçe ýyllaryň dowamynda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde saz nazaryýeti dersleri boýunça mugallym bolup işleýär. Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň açylan gününden başlap saz döretmek, gurallama we partituralary ýüzugra okamak ýaly dersleri okadýar. 1972-nji ýylda oňa uly mugallym, 1980-nji ýylda bolsa dosent diýen atlar berilýär. 1992-nji ýylda saz nazaryýeti we kompozisiýa kafedrasynyň professory bolýar. Ol birnäçe ýyllap Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň başlygy bolup işleýär. Onuň uçurymlarynyň arasynda ilkinji türkmen zenan kompozitorlary J.Gurbangylyjowa we M.Pürliýewa hem bar.

Ç.Nurymowyň eserleri elmydama aýratyn dili, dünýägaraýşy bilen tapawutlanýar. Ol türkmen ruhy dünýäsini özboluşly äheňlerde we mukamlarda açan, türkmen saz sungatyny dünýä belli eden milli kompozitorlarymyzyň biridir.

 “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ­- bedew batly at-myrdyň mekany” ýylynda kompozitoryň 85 ýyllyk ýubileýi uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda hem “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň aprel aýynyň 6-11 aralygynda geçirilýän hepdeliginde Çary Nurymowyň ýubileýi mynasybetli Sazşynaslyk hünäriniň I-IV ýyl talyplarynyň arasynda diwar gazetiniň bäsleşigi meýilleşdirilýär. Çary Nurymowyň döredijiligi biz ýaşlar üçin diňe bir sungat eserleri däl-de, eýsem professional kämilleşmegiň, milli gymmatlyklara sarpa goýmagyň we sungatyň üsti bilen dünýäni has gözelleşdirmegiň ýol görkezijisidir. Zehinli kompozitor Çary Nurymow hemişe ýüreklerde ebedi ýaşar.

                                           Miýesser ULJAÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyñ “Sazşynaslyk” hünäriniň
III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok