Türkmenistanyň halk bagşysy, halk arasynda türkmeniň bilbili diýip at alan Oraz Salyr Mäti ogly 1876-njy ýylda Sarahs etrabynyň Birinji Ýalowaç obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Mäti bagşynyň gowy sesi bolupdyr, şeýle-de ol dutar çalmaga hem ezber ekeni. Agalary Çerkez bilen Agajan bolsa öz aýdan aýdymlary bilen il içinde diýseň meşhurlyk gazanan bagşydyr. Oraz bagşy hem aýdym aýtmagy kakasyndan we agalaryndan öwrenipdir. Özüniň beýik we owadan sesi, şeýle-de her öňýeten bagşa başardyp durmaýan säkdirmek usulyna ussatlygy bilen Oraz Salyr iňňän uly meşhurlyk gazanypdyr hem-de ony Aşgabatda, Merwde, Tagtabazarda we türkmen topragynyň beýleki oba-şäherlerinde geçirilýän toýlara çagyrypdyrlar. Onuň şägirtlerinden bolsa bagşyçylyk ýolunda meşhurlyga eýe bolan Rejepgylyjy bellemek bolar.
Oraz Salyr kakasy Mäti bagşynyň ýanyna gelip-gidýän Ahally, Maryly (Pendili) bagşylaryň aýdym-sazlaryny diňläp, öz ýanyndan gaýtalapdyr. Ol ilki-ilkiler gargy tüýdügiň ýanynda ýanama aýdym aýdyp ugraýar. Soňra Sarahsyň ussat bagşy-sazandalary Anna bagşynyň, Muhy bagşynyň, Ketde bagşynyň we Rejep Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Oraz dutaryň ýanynda aýdym aýdyp başlaýar. Ol Muhy bagşyny halypa tutunyp, dutar çalmagy hem öwrenýär. Şeýlelikde, Sarahsly ussat bagşylar bilen toýlarda we tomaşalarda öz ussatlygyny ösdürýär. Halypasy Muhy bagşy Orazy türkmeniň aýdym-saz sungatyny dünýä äşgär eden, onuň eserlerini ilkinjileriň hatarynda nota ýazgysyna geçiren W.Uspenskiý bilen tanyşdyrýar. W.Uspenskiý “Türkmen sazy” kitabynda salyr-saryk wekili Oraz Salyr hakynda şeýle belleýär: “Sarahsdan uzak bolmadyk bir obada ýaşaýan Oraz Salyr Mäti bagşy ogly bilen tanyşlyk mende adatdan daşary gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin Muhammetmyradyň haýyşy boýunça Rejepgylyç Oraz Salyryň yzyndan oba gitdi. Çakylyk baran gününiň ertesi ol meniň ýanyma geldi. Ol irimçik, daýaw (öň pälwan bolan), daşyndan seretseň, örän gazaply görünýän adam. Işiniň kändigini, öz aýdýan aýdymlaryny beýlekileriňem aýdýandygyny delil getirip, ol başda meniň bilen işleşmekden ýüz öwürdi. Uzaga çeken haýyşlardan soň, ol ahyry indiki bazar güni gelip, meniň üçin aýdym aýdyp bermäge boýun boldy. Bu hut şeýle hem boldy. Şondan soň men ondan bir aýdym (“Jygaly”) ýazyp aldym welin, biziň özüne duýgudaşlyk edýändigimizi aňyp, ol birneme ýumşaşdy we agşamlyk öňküsindenem keýpiçag halda has üýtgeşik çalan Muhy bagşynyň sazandarlyk etmeginde birnäçe aýdym aýtdy. Oraz Salyryň aýdan aýdymlarynyň arasynda käbirleri ritm we deklamasiýa babatynda has ajaýypdy. Ertesi gün men Oraz Salyrdan başga bir aýdym (“Bar, gideý, janym balam”) ýazyp aldym”. Türkmen iline ýarym asyrlap aýdym aýdyp hyzmat eden, türkmeniň bilbili Oraz Salyr 1940-njy ýylda näsaglygy sebäpli 65 ýaşynyň içinde Aşgabatda aradan çykýar. Ony hormatlap 1991-nji ýylda 115 ýyllyk ýubileý toýy döwlet derejesinde Sarahs etrabynda bellenip geçildi.
Obadaşlarynyň haýyşy boýunça onuň öz ýaşan obasyna Oraz Salyryň ady dakylýar. Etrabyň çagalar sungat mekdebi hem onuň adyny göterýär. Mundan başga-da Sarahs etrap medeniýet bölüminiň Oraz Salyr adyndaky bagşylar öýi hem hereket edýär. Ýene-de, sanlyja günlerden paraht ýurdumyzda Oraz Salyryň ýubileý toýy ýetip gelýär. Oňa ähli sungat äleminiň ussatlar uly taýýarlyk görýärler.
Şunuň ýaly konsertleri, aýdym-sazly dabaralary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi üçin alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin. Parahat ata Watanymyzda şanly senelere bagyşlanýan konsertler, toý-dabaralar dowamly bolsun!
Arzygül ÝAGMYROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby.
Teswirler