“Margiana medeniýetleriň çatrygynda” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Moskwa şäherinde Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynda “Margiana medeniýetleriň çatrygynda” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Maslahat birnäçe ylmy edaralaryň, şol sanda RYA-nyň institutlarynyň, Rus-Türkmen Margiana arheologik ekspedisiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirildi.

Forumyň esasy mowzugy Merkezi Aziýa, Kawkaz we Ýakyn Gündogar sebitlerinde medeniýetleriň özara gatnaşyklary bolup, aýratyn üns gadymy Margiana (Marguş) mirasyna gönükdirildi.

Çärä dürli ýurtlardan alymlar, bilermenler, diplomatlar we talyplar gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň degişli edaralarynyň wekiliýetleri hem gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda Goňurdepe ýaly möhüm arheologik ýadygärlikler we gadymy Marguş siwilizasiýasy boýunça ylmy çykyşlar diňlenildi.

Rowaç ÇARYÝAROW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok