Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletinde türkmen halkynyň baý edebi hem-de sazçylyk mirasyny öwrenmek, dünýä belli kompozitorlaryň döredijiligini ylmy taýdan seljermek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek gerek.
Şeýle çäreleriň biri hökmünde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň guramagynda 2025–2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynda, 24–28-nji mart aralygynda saz hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde halypa mugallymlar we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda konsert dabarasy ýokary derejede guraldy.
Çäräniň açylyş dabarasynda A.Ý. Işankulyýew, B. Rejepmedow, B. Hudaýberdiýew we M. Annamyradow çykyş edip, milli sungaty ösdürmegiň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Konsert maksatnamasy dürli döwürleriň hem-de dürli sazçylyk stilleriniň ajaýyp eserlerini öz içine alyp, tomaşaçylara baý döredijilik dünýäsini hödürledi. Hususan-da, G. Denikunyň “Hor stakkato” eseri Orazow Kuwwat tarapyndan ýerine ýetirildi, Ý. Weýsenbornyň “Kapriccio” eseri Dänäýew Goşly tarapyndan çalnyp, Frederic Chopin-iň “Wals” eseri Gurbanguly Işankulyýew tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýle-de Felix Mendelssohn-yň “Trio klarnet” eseri Maksat Kurbankulyýew (klarnet) we Kerwen Mirzoýewiň (fagot) bilelikdäki ýerine ýetirişinde ýaňlandy.

Mundan başga-da, D. Öwezow we Ý. Meýtusyň “Leýli we Mežnun” operasyndan “Gyzlaryň tansy” Aýnur Agaýewa tarapyndan ýerine ýetirildi, K. Dmitreskunyň “Daýhan tansy” eseri Muhammetoraz Babaýew tarapyndan ýerine ýetirildi. George Gershwin-iň “Hlopaý w takt” eseri Garaýew Husain tarapyndan ýerine ýetirilip, Çary Nurymowyň “Konsert pýessasy” eseri Ysmayl Atakow hem-de Röwşen Nepesowyň “Konsert” eseri Serdar Çöliýew tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

Geçirilen saz hepdeligi we onuň çäklerinde guralan konsert dabarasy ýaş sazandalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekde hem-de milli we dünýä saz mirasyny wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle çäreler talyp ýaşlaryň sungata bolan höwesini artdyrýar, olaryň hünär taýdan kämilleşmegine giň ýol açýar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde milli medeniýetimiz mundan beýläk-de gülläp ösüp, täze üstünliklere beslenjekdigi şübhesizdir.
Begenç Rozyýew,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby.
Teswirler