Ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Birleşen Patyşalyga amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Wilýams bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyk baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Timoti Wilýamsyň Türkmenistanyň baý arheologik mirasyny, hususan-da gadymy Merwi öwrenmek we ony gorap saklamak ugrunda köp ýyllaryň dowamynda amala aşyran işlerine ýokary baha berdi.

Şeýle hem taraplar bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň ähmiýetini nygtap, muzeý we sergi ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, bilelikdäki ekspedisiýalary guramaga, ylmy taslamalary ilerletmäge hem-de hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Ylalaşyga gol çekildi.

Meýlis NURÝAGDYÝEW,

Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok