BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmesini teklip edýär

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG)  Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus çagalaryň sosial torlarda howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýaş boýunça çäklendirmeleri girizmegiň zerurdygyny aýtdy. Ol Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes tarapyndan öňe sürlen ýaşlary sosial mediýanyň zyýanly täsirlerinden goramak baradaky teklibi goldaýandygyny mälim etdi.

“Platformalar çagalaryň howpsuzlygyny we saglygyny goramak üçin şeýle görnüşde döredilmeli we işleýän bolmaly,” diýip, BSGG-niň ýolbaşçysy “X” jemgyýetçilik torunda habar berdi. Onuň bellemegine görä, “hakyky ýaş çäklendirmelerini ulanmak” zerurdyr.

Gebreýesus sosial torlary düzgünleşdirmegiň we olaryň jemgyýet öňündäki jogapkärçiligini güýçlendirmegiň häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy.

Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Gospital Terapiýa kafedrasynyň assistenti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok