Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 5 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilýän «Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz, Arkadag Serdarly bagtly halkymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaralandyrmak mynasybetli geçirilýän «Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz, Arkadag Serdarly bagtly halkymyz» atly döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ýazan goşgulary we makalalary bilen gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige hödürlenilýän döredijilik eserlerinde hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleri giňden açylyp görkezilmelidir.
Hödürlenilýän eserlerde mekdep okuwçylary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent sepgitleri barada pikir-garaýyşlaryny çeper beýan etmelidirler. Şeýle-de hödürlenilýän döredijilik eserlerinde okuwçylaryň göz öňünde tutan meýilnamalarynyň many-mazmunynyň doly açylyp görkezilmegine aýratyn üns berilmelidir.
Bäsleşige hödürlenilýän goşgularyň möçberi 4 bentden we makalalaryň möçberi bir sahypadan az bolmaly däldir. Goşgular we makalalar ýazylanda, kompýuterde «Times New Roman» şriftinde 14-lik ölçegde ýazylmaly. Bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary öz okaýan mekdebini, synpyny, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, öý ýa-da ykjam telefonynyň belgisini doly we dogry ýazyp görkezmelidir.
Bäsleşige gatnaşyjylar hödürlejek işlerini hat üsti bilen ýa-da «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň gunesh_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugradyp bilerler.
Bäsleşik 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň ilkinji on günlüginde jemlener. Bäsleşikde 2 ugurda — goşgy we makala ýazmak boýunça ýeňijiler yglan ediler. Ýeňijilere bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 38-61-70, 44-89-99.
Guramaçylyk topary.
Teswirler