2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä gatnaşanlar bu eseriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy tejribesini we häzirki zaman ähmiýetini çuňňur açyp görkezýändigini bellediler. Kitapda Bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslary, onuň sebit we dünýä derejesinde durnuklylygy üpjün etmekdäki orny, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmäge goşýan döredijilikli goşandy giňişleýin beýan edilýär.
Çäräniň dowamynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän döredijilikleriniň sergisi hem gurnaldy. Sergi Türkmenistanyň dowamly ösüşini, sosial-ykdysady özgerişlerini we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlaryny aýdyň suratlandyrmakda öz goşandyny goşdy.
Çärä Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplary we türkmen raýatlary gatnaşdylar. Talyplaryň iňlis we rus dillerindäki çykyşlary, kitapda beýan edilen parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ideýalarynyň möhümdigini, şeýle hem ýaş nesil üçin ähmiýetlidigini nygtap, ýygnaga aýratyn öwüşgin goşdy.
Bu çäre, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini beýan etmek bilen daşary ýurtda ýaşaýan türkmen watandaşlary bilen ynsanperwer we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny has hem berkitmäge ýardam berdi.
Atajan ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler