Lebap welaýatynyň Farap etrapyndaky 17-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan “Bitarap Watanyň waspy dillerde” atly bäsleşik geçirildi.
Çäräniň maksady ýaş nesilde watançylyk duýgularyny kemala getirmek, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň esasy bolup durýan hemişelik Bitaraplygyň ähmiýetini wagyz etmek hem-de çagalaryň dürli dillerde çykyş etmek ukyplaryny ösdürmekden ybarat boldy.
Bäsleşigiň dowamynda körpeler Watanymyzy, parahatçylygy we Bitaraplyk syýasatyny wasp edýän goşgulary we gysga çykyşlary ýerine ýetirdiler. Gatnaşyjylar öz zehinlerini, sözleýiş başarnyklaryny we sahna medeniýetini görkezdiler.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilip, ýurdumyzyň halkara derejesinde parahatçylyk, ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýar.
Çäräniň ahyrynda tapawutlanan körpeler ýadygärlik sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandy. Bu bäsleşik çagalaryň ruhy-terbiýesinde we Bitarap Watanymyza bolan buýsanjyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Saýýara HATAMOWA,
Lebap welaýatynyň Farap etrapyndaky
17-nji çagalar bagynyň müdiri.
Teswirler