Gonkong şäherinde ÝUNESKO-nyň dördünji halkara modeli (MUNESCO) geçirildi. Bu möhüm çäre ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň Bütindünýä federasiýasy (WFUCA) hem-de ÝUNESKO-nyň Gonkong assosiasiýasy (UHKA) tarapyndan Hytaý Bankynyň (Gonkong) goldawy bilen guraldy. Oňa 20-den gowrak döwletden ýaş liderler gatnaşyp, halkara derejesindäki giň mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Bu çärä 20-den gowrak ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan-da ýaş ýolbaşçylar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Bu halkara meýdançada biziň ýurdumyzyň wekili hökmünde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Emir Sopyýew gatnaşyp, ÝUNESKO-nyň «Dermanlyk ösümlikler – biziň saglygymyz we mirasymyz» klubunyň işjeň agzasy hökmünde çykyş etdi. Ol bäsleşige “Neýrotehnologiýa edebi” atly mowzuk bilen gatnaşyp, häzirki döwrüň öňdebaryjy ylmy ugurlary boýunça öz pikirlerini öňe sürdi.
Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy: birinji tapgyrda bäsdeşler öz ýurtlarynda geçirilýän işler we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk barada çykyş etdiler, ikinji tapgyrda neýrotehnologiýalary ösdürmek strategiýasy, emeli aňyň dürli pudaklardaky täze mümkinçilikleri barada slaýdly tanyşdyrmalary taýýarladylar we neýrotehnologiýanyň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Üçünji tapgyrda bolsa bäsleşige gatnaşýanlaryň hödürlän strategiýalary boýunça ses berişlik geçirildi. Emir Sopyýew üstünlikli çykyşy üçin bäsleşige gatnaşanlygy barada şahadatnama aldy.
Bu üstünlikleriň her biri ýurdumyzda ýaşlary ÝUNESKO-nyň ynsanperwer döredijilik ýörelgeleri ruhunda terbiýelemegiň netijelidigini görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça ÝUNESKO klublary işjeň hereket edip, talyplaryň dünýä medeniýetini, daşary ýurt dillerini we medeniýetara aragatnaşyklary giňden özleşdirmeklerine mümkinçilik döredýär.
Ýurdumyzdaky talyplaryň şeýle halkara derejesindäki başlangyçlara gatnaşmagy döwletimiziň bilim ulgamynyň ýokary derejesini hem-de ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň giňdigini görkezýär.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler