Halkara ynsanperwer döwletara hyzmatdaşlykda hytaý diliniň ähmiýeti

Häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň mazmuny diňe bir syýasy ýa-da ykdysady ugurlar bilen çäklenmän, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giň gerimini hem öz içine alýar. Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, ylym, ekologiya, adam hukuklary we jemgyýetçilik ösüşi ýaly ugurlar döwletleriň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň esasy binýadyny düzýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün etmekde bolsa dil faktory, hususan-da hytaý dilini bilmegiň ähmiýeti aýratyn orun eýeleýär.

Hytaý Halk Respublikasy häzirki wagtda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjylarynyň biridir. Ol Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, BSGG, ÝUNISEF ýaly iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bilim, saglygy goraýyş, ösüş we kömek maksatnamalaryny durmuşa geçirýär. Şeýle taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin dil arkaly düşünişmek we özara ynanyşmak esasy şert bolup durýar.
Hytaý dilini bilmek halkara ynsanperwer çärelerde gatnaşyjylara hytaý hyzmatdaşlary bilen göni aragatnaşyk gurmaga, olaryň garaýyşlaryna we tekliplerine has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.

Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bilim we ylym bolup durýar. Hytaý döwleti daşary ýurtly talyplar, ylmy işgärler we mugallymlar üçin giň gerimli alyş-çalyş maksatnamalaryny, grantlary we okuw mümkinçiliklerini hödürleýär. Bu mümkinçiliklerden doly peýdalanmak üçin bolsa hytaý dilini bilmek zerur bolup durýar.
Hytaý dilinde bilim almak ýa-da ylmy hyzmatdaşlyga gatnaşmak ylmy maglumatlara göni el ýetirmäge, tejribeleri ýerinde öwrenmäge, halkara akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmaga şert döredýär. Bu bolsa ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hil derejesini ýokarlandyrýar.

Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň esasy maksady halklaryň arasynda özara düşünişmegi, hormaty we parahatçylygy berkitmekdir. Bu ugurda medeniýetara dialog aýratyn ähmiýete eýedir. Hytaýyň baý taryhy, filosofiýasy, sungaty we däp-dessurlary dünýä medeniýetiniň möhüm bölegidir. Hytaý dilini bilmek arkaly beýleki ýurtlaryň wekilleri hytaý medeniýetini terjimesiz, asyl görnüşinde öwrenip bilýärler. Bu bolsa medeni ýalňyş düşünjeleriň öňüni alýar, hyzmatdaşlygyň ynsanperwer mazmunyny baýlaşdyrýar. Hytaý dilini bilýän hünärmenler halkara saglygy goraýyş taslamalarynda, ynsanperwer kömek missiýalarynda arabaglanyşykçy we koordinasiýa ediji möhüm roly ýerine ýetirýärler. Bu bolsa kömegiň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Hytaý dilini öwrenmek diňe bir hünär taýdan däl, eýsem şahsy ösüş babatda hem uly ähmiýete eýedir. Bu dil adamyň pikirleniş ukybyny ösdürýär, sabyrlylygy we medeni çeýeligi artdyrýar. Şeýle häsiýetler halkara ynsanperwer işde aýratyn zerur bolup durýar.
Dil bilýän adamlar dürli medeni we jemgyýetçilik şertlerinde has üstünlikli işläp, halkara toparlarda netijeli hyzmatdaşlyk edip bilýärler.

Netijede, hytaý dilini öwrenmek halkara ynsanperwer döwletara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrýan möhüm serişdeleriň biridir. Ol bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we ynsanperwer diplomatiýa ugurlarynda giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ýaşlaryň we hünärmenleriň hytaý diline bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, ony öwrenmek üçin amatly şertleri döretmek halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşi üçin wajyp hasaplanýar.

Aýna NURMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok