Şu gün Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Däp bolşy ýaly bu bäsleşik her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralýar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurduň ähli welaýatlaryndan saýlanyp alnan, 17 ýaşdan 35 ýaşa çenli bolan on aýdymçy gatnaşdy. Gatnaşyjylar biri sazly, biri bolsa sazsyz görnüşde iki aýdymy ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ýeňijisi Göwher Hajymyradowa boldy. Oňa Göçme kubogy we baş baýragy bäsleşigiň geçen ýylky ýeňijisi Durdy Durdyýew gowşurdy.
Ýeri gelende belläp geçsek, bäsleşigiň ýeňijisi emin agzalarynyň beren sesleri hem-de tomaşaçylaryň arasynda geçirilen SMS ses berlişigi esasynda kesgitlenildi.
Teswirler