Aşgabat şäherinde ýaşaýan 60-dan gowrak ýaşlar öz geljekki hünärlerini saýlamaga ýardam berjek şahsyýet anyklaýyş we ukyp-başarnyk testine gatnaşdylar hem-de maslahat hyzmatyndan peýdalandylar. Test kompýuter gurşawynda sanly görnüşde geçirildi. Gatnaşyjylar 170 sany psihologiki soraglara jogap berdiler. Test sowallary türkmen we rus dillerinde hödürlendi.
Bu teste gatnaşan ýöriteleşdirilen türkmen-rus bilelikdäki mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Muhammet Geldiýew: “Meniň üçin üýtgeşik bir tejribe boldy. Öz ejiz we güýçli taraplarymy bildim. Orta mekdebi gutarandan soňky durmşymyň binýady üçin meýilleşdirýän ädimlerim barada anyk ädimler ätmäge ynam döretdi. Testden guramaçylaryň pedagoglarynyň beren maslahatlary hem özümi has içgin tanamaga mümkinçilik döretdi” diýip, öz seslenmesini paýlaşdy.
Kerim Gurbannepesow adyndaky ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Merjen Söýünowa bolsa şeýle seslendi: “Men özümiň halaýan ýa-da halamaýan zatlarymyň nämedigini bilsem-de, munyň belli bir möçberde geljekki hünärim üçin zerur boljakdygyny bilmeýärdim. Hünär saýlamak testi baradaky bildirişi görüp muňa gatnaşmagy göwnüme düwdim. Gumanitar bilimler, iş erjelligi ýaly ukyplarymyň görkezijileri gowy. Söwda, saz, sungat ugurlary boýunça başarjaňlygym gowşagrak eken. Testleriň netijeleri takyk bolsa, meniň üçin iň oňat hünär žurnalistika eken.”
Ýaşlary geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişdirilmegini maksat edinýän bu test we maslahat çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher kommitetiniň guramaçylygynda geçirildi. Bu sanly test barlag tapgyryny häzirlikçe oflaýn (içerki torda) gurşawda hyzmat berýär. Gatnaşyjylardan gelen seslenmeler esasynda ýakyn geljekde has giňişleýin köpçülige ýetirilmegi meýilleşdirilýär.
Bilermen psihologlar tarapyndan taýýarlanan test soraglary we olaryň analizi TSTP-nyň agzalary bolan IT hünärmenleriniň zähmetleri bilen sanly ulgamda programmirlendi. Testiň netijesinde ukyplary we gyzyklanmalary hasaplap çykarýar:
- Ukyplary:
- Gumanitar bilimler
- Takyk bilimler
- Şekil-grafika
- Göz we el arabaglanşygy
- Gyzyklanmalary
- Tebigy bilimleri
- Jemgyýet bilimleri
- Ynandyryjylyk
- Daşary ýurt dili
- Söwda
- Ekarançylyk
- Mehanizm
- Iş erjelligi
- Edebiýat
- Sungat
- Saz
- Sosial gatnaşyklar
Çykan netije 100% güwä geçmese-de, psihologiýa ylmynyň uzak ýyllardan bäri ylmy barlaglaryna esaslanyp taýýarlanýar. Takyklygyna täsir edýän faktorlaryň ýene biri oňa gatnaşyjynyň soraglara dürs jogap bermekleridir.
Partiýanyň agzalary bu çäräniň beren netijelerinden höweslenip, ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirmegi meýilleşdirýärler.
Döwletgeldi Hommyýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher kommitetiniň
guramaçylyk bölüminiň partiýa guramaçysy
Teswirler
Can not we take that test too? I am so unhappy that i missed a chance like this. I would not reject any help with the choice of my career. Actually i am in need of the tests like these. So would be really glad if i can take your priceless opportunity!