Awaza 2025 maslahatynyň çäginde ýaşlar forumy açyldy

Awaza, Türkmenistan — 2025-nji ýylyň 4-nji awgusty

BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde geçirilýän Ýaşlar forumy şu gün Awaza Sport toplumynyň Sportuň başa-baş sungatlary binasynda öz işine başlady. Forum 32 döwletiň ýaş delegatlaryny bir ýere jemledi.

Forumyň açylyşy ýokary derejeli çykyşlar we ýaşlaryň “maşgala suraty” bilen bellendi. Günüň esasy wakasy bolsa “Deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geljegi üçin köpri gurmak” atly Ýaşlar Jarnamasynyň goldanylmagy boldy — bu ýaşlaryň özleriniň döreden bilelikdäki geljek baradaky garaýşydyr.

Günün ikinji ýarymynda Landlinked maksatnamasynyň ýeňijileri sylaglandy we ýörite sergi açyldy. Şeýle-de ýaş telekeçiler Durnukly Ösüş Maksatlaryna (SDG) laýyk gelýän täzelikçi çözgütlerini hödürlediler.

Forum ertir nesiller arasynda dialog bilen dowam eder we bu çäräniň dowamynda ýaşlaryň pikirleriniň syýasatlara we deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşine nähili täsir ýetirip biljekdigi ara alnyp maslahatlaşylar.

Has giňişleýin maglumat üçin şu sahypa girip bilersiňiz: un.org/en/landlocked/youth-forum.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok