Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdyp, biziň bagtyýar günlerimize gelip ýeten halk senetçiliginiň biri-de zergärçilik sungatydyr. Halkymyzyň ruhy dünýäsini açyp görkezýän zergärçilik sungaty gadymy döwürlerden bäri özüniň ýokary çeperçiligi bilen şöhratlanýar. Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýagşyny ýasan ussalaryň kesp-kärini ýitirmän zergärçilik sungatyny dowam etdirýän zergärleriň çekýän zähmetine mynasyp baha berilýär. Bagtyýar zamanamyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp joşgunly zähmet çekýän Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çeper elli zenanlary hem gadymy we müdimi sungat eserlerimizi, gadymy nusgalary gorap saklamak gözelligiň üsti bilen ýaş nesilleriň kalbynda gözellige bolan söýgi döretmek, döredijilik ukyplaryny, ezberligini artdyrmak ugrunda nusgalyk işleri alyp barýarlar.
Asyrlaryň synagly günlerini, ýyllaryny geçip, biziň bagtyýar günlerimize gelip ýeten, türkmen zergärleriniň hünärli gollaryndan dörän gupba, egme, maňlaýlyk, gulakhalka, gülýaka, tumar, bukaw, bilezik, asyk, saçmonjuk, kökenli ýüzük, heýkel, çapraz-çaňňa ýaly milli şaý sepler şöhratly taryhymyzda öçmejek yz galdyryp, biziň şu günlerimize çenli sarpalanyp gelendir. Türkmen zergärleriniň çyn zähmetinden, yhlasyndan önýän, sünnälenip ýasalýan şaý-sepleri gelin-gyzlaryň gözelligine gözellik goşup, ähli döwürlerde hem dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýär.
Zergärçilik sungatynyň inçe ýollaryny öwrenip, geljekki nesillere miras goýmakda Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri çeper elli zenanlaryň döredijilikli işlemegine ruhlandyrýar. Häzirki wagtda bu gadymy we müdimi sungatyň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy Gülşirin Hümmäýewalaryň maşgalasy hem türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligine gözellik goşýan milli şaý-seplerini ýasap, halkymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda döredijilikli zähmet çekýärler. Zergäriň döredijilik ussahanasynda gelin-gyzlara mahsus bolan şaý-sepleriň dürli görnüşleri gupba, bilezik, gülýaka, gulakhalka, çapraz-çaňňalaryň şeýle-de toý lybaslary we bezegleri üçin niýetlenen şaý-sepleriň döwrebap nusgalary taýýarlanylýar. Nepislik bilen ýasalýan şaý-seplere dürli öwüşginli gaşlary goýmak, gözel tebigatdan alnan dürli görnüşli nagyşlary çekmek ýaly işleri hem ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär. Kümüşden ýasalan şaý-sepler ekologiýa taýdan arssa bolup, ynsan saglygyna peýdalylygy bilen häzirki günlere çenli uly islege eýe bolup gelýär.
Bagtyýar döwrümizde hem ýurdumyzyň elinden dür dökülýän ussat zergärleriniň yhlas bilen sünnäläp ýasaýan, özüniň berkligi bilen tapawutlanýan milli şaý-seplerine halk köpçüliginiň islegi barha artýar. Öz işine yhlasly zergär öz maşgala agzalary bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda giňden belleniljek şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna dürli öwüşginli milli şaý-sepleriň täze nusgalaryny taýýarlap sowgatly barmagy maksat edinýär. Ezber elli zergäriň döredijilik ussahanasyna Agrar Partiýasynyň Murgap etrap komitetiniň işgärleri yzygiderli gelip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçiliklerini wagyz-nesihat etmekde mynasyp işleri alyp barýarlar we milli şaý-sepleriň döwrebap öwüşginli, täze nusgalary bilen tanyş bolýarlar.
Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, baý medeni mirasyny, däp-dessurlaryny dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda we geljekki nesillere miras galdyrmakda nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan belent maksatly işleri rowaç alsyn!
Gülşat BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň
Murgap etrap komitetiniň hünärmeni.
Teswirler