Ýaponiýada dünýäniň iň uly agaç gurluşynyň gurluşygy resmi taýdan tamamlandy. “Grand Ring” (Beýik Halkalar) ady berlen bu halka görnüşindäki desganyň daş-töwereginiň uzynlygy 2 kilometr bolup, Ginnessiň dünýä rekordy tarapyndan dünýäniň iň uly agaç gurluşy hökmünde hasaba alyndy.
“Grand Ring” häzirki wagtda Ýaponiýada geçiriljek “Osaka 2025” Halkara sergisi (Expo) üçin guruldy. “Sou Fujimoto Architects” arhitektura şereketi tarapyndan gurlan bu desgada döwrebap tehnologiýalar bilen birlikde, çüý ýa-da nurbat ulanylmazdan agaç böleklerini birleşdirmäge mümkinçilik berýän däp bolan ýapon gurluşyk usuly — “Nuki” birleşdiriji usuly ulanyldy.
Desganyň daş-töwereginiň uzynlygy 2 km, ini 30 metr, diametri bolsa takmynan 675 metrdir. Bu halka Expo meýdançasynyň daşyny gurşap alýar. Şeýle-de, 12 metr beýiklikde ýerleşýän “Sky Walk” (Asman ýoly) atly ýöriş ýoly desganyň üstünden geçýär. Bu ýol boýunça güller bilen bezelen meýdançalar ýerleşýär we myhmanlara sergi meýdanyny hem-de daş-töwerekdäki görnüşleri synlap gezelenç etmek üçin mümkinçilik döredýär.
Desganyň aşaky bölegi bolsa sergi meýdanyndaky esasy geçelgä öwrülip, myhmanlary şemaldan, ýagyşdan we günüň şöhlelerinden goraýar.
Ilkinji meýilnama görä desganyň sergiden soň sökülmegi göz öňünde tutulypdy, ýöne häzirki wagtda ýapon ýolbaşçylary bu desganyň hemişelik ýagdaýda galmagyny göz öňünde tutýarlar. Şonuň üçin hem Expo tamamlanandan soň bu desganyň nädip we haýsy maksat bilen ulanylyp bilinjekdigi barada ýerli ilatdan pikirler ýygnalýar.
Mähek NURGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.
Teswirler