LLDC maslahatynyň geçirilmegi hakynda Kararnama kabul edildi

Birleşen Milletler Guramasy (BMG), deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara (LLDC) bagyşlanan üçünji maslahaty 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek baradaky Kararnamany kabul etdi. Bu çözgüt BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň plenar mejlisinde kabul edildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Hatda çuňňur gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edilýär.

Gutlagda bu çözgüdiň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga itergi berýändigi nygtalýar.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň umumy ilaty 500 milliondan gowrak bolup, olaryň geografik ýerleşişi netijesinde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy we bu ýagdaýyň olaryň halkara ykdysady gatnaşyklaryna täsir ýetirýändigi nygtalýar.

Roza TAŞPOLATOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag
etrap Geňeşiniň buhgalteri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok