Ýurdumyzda FAO-nyň täze taslamasynyň işe girizilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler täzeçil ösüşlere badalga bolup, edermen daýhanlarymyzyň, oba hojalykçy hünärmenleriň, ýaş alymlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan oba hojalyk ulgamy uly sepgitlere eýe bolýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän syýasy wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

2025-nji ýylyň 11-nji martynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) ýurdumyzda iki sany. Oňa Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň hem-de FAO-nyň wekilleri gatnaşdylar. FAO-nyň bu taslamasy ýurdumyzda däneli ekinleri, gowaçany dürli zyýankeşlerden, kesellerden goramak bilen bagly täzeçil ylmy ugurlary ösdürmäge we bu ugurda degişli işleri talabalaýyk derejede alyp barmaklyga gönükdirilendir.

Maslahatda guramanyň wekili Artur Şamilow taslamanyň möhüm ugurlary, ony durmuşa geçirmegiň möhleti we garaşylýan netijeleri bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Birinji taslama durnukly pagta önümçiliginde howa şertlerini hasaba almak bilen, tehnologik innowasiýalary ornaşdyrmaga, ikinji taslama däneli ekinleri zyýankeşlerden goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Maslahata gatnaşyjylar däneçilik, pagtaçylyk pudagynyň geljegi, bu ugurdaky alnyp barylýan ylmy-barlaglar we ylmy-barlag institutlarynyň ony ösdürmekdäki goşýan goşandy barada, şeýle-de maksatnamalaryň wezipeleri, olaryň uzakmöhletleýin esasda oba hojalyk pudagyna ýetirjek täsiri, garaşylýan netijeleri babatda içgin pikir alyşdylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan 1995-nji ýylda FAO-nyň düzümine goşuldy. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen işjeň hyzmatdaşlyga uly orun berilýär. Döwletimiz azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ýörite sylaga hem mynasyp boldy. Türkmenistan bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak bilen, bu meseleleri çözmek üçin geljegi nazarlaýan çözgütleri işläp taýýarlamakda möhüm başlangyçlary durmuşa geçirýär. Bu gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan ugurlar esasynda ösdürmekde hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzyň ähli tagallalaryny goldaýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu gurama bilen bilelikde sebit taslamalarynyň ençemesi durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş babatda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna» esaslanyp, FAO guramasynyň 2022-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça Maksatnamasy hem tassyklanyldy. Şeýle hem, azyk ulgamyndaky sebit we halkara hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine gönükdirilen çäreleriň paýtagtymyz Aşgabatda geçirilmegi-de BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda FAO bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygynyň aýdyň netijesidir.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag däneçilik institutynyň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok