Sa­ry­gül Mä­ti­ýe­wa­ – Pla­ne­ta­nyň iň uzak ýaş­ly ene­si

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Bagtyly obasynda ýaşaýan Sarygül Mätiýewa şu ýyl 117 ýaşyny doldurdy.

Pasportynda bar bolan maglumata görä, Sa­ry­gül Mä­ti­ýe­wa­ 1908-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ak­de­pe et­ra­by­nyň Ak al­tyn ge­ňeş­li­gi­niň Bag­ty­ly oba­syn­da doglupdyr. Sa­ry­gül ene Mä­ti Bo­za­ga­now bilen maşgala gurup, alty çagany – Gur­ban hem-de Güýç at­ly ogul­la­ry­ny, Aman­täç, Eje­gül, Gyz­so­ňy, Al­tyn at­ly gyz­la­ry­ny edep-ek­ram­ly, ho­ja­lyk­çy edip ter­bi­ýe­leäpdir­ler. Hä­zir­ki wagt­da ola­ryň äh­li­si-de hor­mat­ly dynç alyş­da. Sarygül enä­niň 43 ag­ty­gy, 97 çow­lu­gy, 9 ýuw­lu­gy bar.

Sarygul Mätiýewa uly ýaşyna garamazdan, şadyýanlygyna galýar, onuň sözleri we ýylgyryşy hoşniýetliligi we paýhaslylygy paýlaýar. Uzak ýaşamagynyň syry diýip ýakyn garyndaşlarynyň ýanynda asuda durmuşyny hasaplaýar.

Hä­zir­ki wagt­da Gin­ne­siň bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by «Dün­ýä­niň iň uzak ýaş­ly ýa­şaý­jy­la­ry» ug­ry bo­ýun­ça iň uzak ýaş­ly adam­la­ry kes­git­län­de Ge­ron­to­lo­gik bar­lag to­pa­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na esas­lan­ýar. 1990-njy ýyl­da dö­re­di­len bu gu­ra­ma uzak ýa­şan ýa­şaý­jy­la­ry (azyn­dan 110 ýa­şan) ag­tar­ýan hem-de bar­la­ýan dür­li ugur­la­ra ýö­ri­te­le­şen bar­lag­çy­la­ryň to­pa­ry­dyr. Hü­när­men­ler şeý­le adam­la­ryň dog­lan anyk se­ne­sin­den baş­lap, bü­tin öm­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry öw­re­nip, ola­ryň ha­ky­ky­ly­gy­ny anyk­la­ýar­lar we şon­dan soň uzak ýaş­ly­la­ryň sa­na­wy­na gi­riz­ýär­ler.

2024-nji ýy­lyň de­kabr aýy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu göz­leg-bar­lag to­pa­ry ta­ra­pyn­dan dün­ýä ta­ry­hyn­da ýa­şy 110-dan ge­çen iň uzak ýaş­ly 100 adam res­mi taý­dan ha­sa­ba alyn­dy. Sa­naw­da 1875 — 1997-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýa­şap, 122 ýa­şyn­da ara­dan çy­kan fran­si­ýa­ly ze­nan Žan­na Kal­man hä­li-hä­zi­re çen­li iň uzak ýa­şan adam hök­mün­de gör­ke­zil­ýär. Şol sa­naw­da­ky­la­ryň hä­zir­ki gün­de di­ňe dör­dü­si­niň ýa­şa­ýan­dy­gy, 1908-nji ýy­lyň 8-nji iýu­nyn­da dog­lan bra­zi­li­ýa­ly mo­nah ze­nan Ina Ka­na­bar­ro Lu­ka­syň «Dün­ýä­niň iň uzak ýaş­ly ýa­şaý­jy­sy» hök­mün­de şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da res­mi taý­dan Gin­ne­siň bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­di­gi gör­ke­zil­ýär. Sa­naw bi­len tan­şa­nyň­da, ge­ron­to­lo­gik bar­lag­la­ryň, esa­san-da, Ame­ri­ka­da, La­tyn Ame­ri­ka­sy, Ýew­ro­pa we Gün­do­gar Azi­ýa ýa­ly se­bit­ler­de has iş­jeň ge­çi­ri­len­di­gi­ni çak­la­mak müm­kin. Şu ýer­de ýur­du­my­zyň de­giş­li dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan res­mi ha­sa­ba al­nan mag­lu­mat­la­ra sal­gy­la­nyl­sa, iki sa­ny pi­kir ge­lip çyk­ýar: fran­si­ýa­ly ene 122 ýa­şap, ta­ryh­da iň uzak ýa­şan adam hök­mün­de res­mi­leş­di­ri­lip­dir. Ma­ka­la­my­zyň ba­şyn­da hem bel­leý­şi­miz ýa­ly, il­de­şi­miz Ajap­sol­tan ene Ha­jy­ýe­wa hem 122 ýa­şyn­da gaý­dyş et­di. Ikin­ji­den, res­mi taý­dan hä­zir ýa­şap ýö­ren­le­riň ara­syn­da iň ýa­şu­ly sa­ýy­lyp, Gin­ne­siň ki­ta­by­na gi­ri­zi­len bra­zi­li­ýa­ly ene 1908-nji ýy­lyň 8-nji iýu­nyn­da dog­lup­dyr. Diý­mek, ol dog­lan­da Sa­ry­gül ene­miz bäş aý­lyk bä­bek eke­ni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok