Türkmen türgenleri IX gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşýar

7-14-nji fewral aralygynda Hytaýyň Harbin şäherinde geçiriljek IX gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türkmen türgenleri Harbine geldiler. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine (AOG) agza ýurtlar üçin dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu oýunlara şu ýyl 34 ýurtdan 1275 türgen gatnaşýar we 11 görnüş boýunça medallar ugrunda bäsleşer. 

TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistan bu oýunlara ikinji gezek gatnaşyp, 37 adamlyk wekiliýet, şol sanda 25 türgen ýurdumyzyň adyndan gatnaşar. Biziň türgenlerimiz sportuň üç görnüşinde—buz üsti hokkeý, şort-trek we figuralaýyn typmak boýunça çykyş ederler.

Şort-trekde Pena Ataýew ýurdumyza wekilçilik eder. Ol 2015-nji ýylda Phýoňçhande ýaşlar ýaryşynda altyn medal gazandy. Figuralaýyn typmakda Larisa Wahitowa we halkara ýaryşlara gatnaşan Aýna Ekäýewa çykyş eder.

Hokkeý toparymyz mundan öňki Aziýa oýunlarynda üstünlik gazanyp, kiçi altyn medal eýeländi. Bu gezek olar Hindistan, Makao we Gonkong bilen «C» toparda güýç synanyşar. Baş tälimçi Ylýas Weliýewiň ýolbaşçylygyndaky toparymyz 3-nji fewralda Hindistan bilen ilkinji duşuşygyny geçirer.

Türkmen türgenleriniň bu iri ýaryşda üstünlik gazanmagy üçin olara şowlulyk arzuw edýäris!

Güljan ÝARAŞOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
weterinar lukmançylygy fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok