“Bathyz” goraghanasyna gaýybana gezelenç

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky alyp barýan işlerine jogap edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda  okuwçylara  berilýän bilimiň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen “Tebigaty öwreniş” dersinde “Türkmenistanyň döwlet goraghanalary we çäkli goraghanalar” diýen tema boýunça multimediýa tagtasyndan peýdalanyp onuň täsin we ýatda galyjylykly  tebigaty barada wideo şekili görkezip, bu goraghana barada şeýle maglumatlary aýtmak has-da täsirli bolýar.

Tebigatyň tapylgysyz nepis nusgasy Bathyz goraghanasy ýurdumyzyň günorta çetinde Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda Hindiguş daglarynyň demirgazygynda, Parapamir daglarynyň eteginde Bathyz belentliginde ýerleşýär. Onuň tebigaty örän täsin, gadym wagtlarda bu ýerde oturymly daýhan taýpalary ýaşapdyrlar we olar asyrlar dowamynda üzüm ösdürip, däne ekip, çarwaçylyk edipdirler. Bu ýer arheologik tapyndylara rowaýata baý ýurt bolmak bilen Gündogaryň merjeni bolan gulanlaryň ýeke-täk saklanyp galan ýeridir. Gulan güýçli, çydamly, örän ýyndam haýwan. Gündogaryň halky ençeme asyr mundan öň gulanlary tigirli uruş enjamlaryna goşupdyrlar. Bu goraghananyň açylmagyna hem bu jandarlaryň san taýdan azalmagy sebäp bolupdyr. Häzirki wagtda gulanlaryň sany örän artdy. Goraghana döredilende 4 müň kwadrat km meýdanda 200-250 baş  bardy soňra bu san 10-20 esse artdy. Bu bolsa goraghananyň işgärleriniň aladasynyň,  döwletimiziň howandarlygynyň netijesidir. Ýaz paslynyň gelmegi bu ýerdäki tebigatyň özboluşlylygyna  täsir edýär. Bu ýerde ösümlikler pes we beýik iki sany ýarusy emele getirýär.

Ýaz aýynda ýaşyl begrese bürenen meýdan maý aýlarynda sary – mämişi reňke geçýär. Sebäbi pes toparyň ösümlikleri eýýäm guraýar. Bathyzyň iň bir täsin ösümligi hem başga hiç ýerde duşmaýan guşgy çigildemidir. Onuň ak we sary reňkleri bar. Gyzyl reňke boýalan gülälekli meýdan gözüňi gamaşdyrýar. Keýikokarajygy emele getirýän çomuçlar güllände has-da täsin. Bu ýeriniň tebigaty örän baý. Pisse tokaýlygy sawanna çalym edýär. Pisse agajy 500, hatda 700 ýyla çenli ýaşaýar we miweleýär. Onuň miwesinde 60% ýag bar we tagamy örän oňat, bu ýerde onuň miwesini dürli guşlar, gemrijiler, dag goçlary, tilkiler iýýärler. Bu ýerde ir wagtlarda pisse maňzy bilen iýmitlenýän süri-süri ýekegapanlar ýaşapdyr.

Bathyzyň howasy çalt üýtgäp durýar we köplenç ýeller öwüsýär. Esasan hem ýeller demirgazyk-günbatardan öwüsýär. Ygal möwsüminde ýagny güýz aýlary, günortadan “owgan ýeli” turýar. Bathyzyň adynyň hem şundan gelip çykan bolmagy mümkin, ýöne ýeliň onuň tebigatyna täsiri uly.

Bathyz döwlet goraghanasynyň aýawly goralmagy netijesinde bu täsin ülkäniň nepis tebigaty mizemez saklanýar, oňa baryp görmek, onuň ajaýyp gözelligine tomaşa etmek diýseň ýakymly ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Okuwçylar öz ýurdunyň geçmiş taryhyny, onuň baýlygyny we tebigatynyň gözelligini öwrensinler we bilsinler.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  howandarlygynda mizemez saklanýan bu ajaýyp jülgäni, tebigatymyzy goramak,  mähriban enäni, öz halkyňy aýamakdyr. Watanyňy, Garaşsyz döwletiňi jandan söýmekdir.

Çynar BEGOWA,

Baýramaly etrabynyň 19-njy orta
mekdebiniň I derjeli mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok