Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, daýhanlaryň zähmetini goldamagyň hem-de höweslendirmegiň netijeli ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Türkmenistanyň häzirki döwürde diňe bir bugdaý hasylyny ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, ony gaýtadan işläp, ilaty ýokary hilli un we çörek önümleri bilen hem üpjün edýändigini bellemek gerek. Döwletimiz ýetişdirilen azyklyk dänäniň artykmaç mukdaryny eksport etmek mümkinçiligine eýe boldy. Munuň özi döwletimiziň okgunly ösüşinde aýratyn ähmiýetlidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna laýyklykda, döwrebap obasenagat düzümlerini döretmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Bu bolsa sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýär.
Ilaty et-süýt, ýumurtga we beýleki maldarçylyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary yzygiderli işe girizilýär hem-de olaryň ot-iým bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ekerançylyk ýerleri bölünip berilýär. Ýokary öndürijilikli, dünýä ölçeglerine gabat gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň sanynyň we görnüşleriniň artmagy, işleriň hiliniň gowulandyrylmagy ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, bol hasyl almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri döredilýär.
Oba hojalyk pudagynyň suw bilen doly üpjün edilmegi hem möhüm wezipe bolup durýar. Döwletimiz ýurdumyzda suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, akabalaryň, suwaryş hem-de lagym ulgamlarynyň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny we läbik sorujy enjamlary satyn almak üçin iri maýa goýumlary bölünip berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy aýratyn ähmiýete eýedir. Eger-de ozallar şu suwlar Amyderýa hem-de öri meýdanlarynyň suwa basdyrylmagyna getirýän Garagum sährasyna akdyrylýan bolsa, indi Türkmenistan sebitde ilkinji bolup şeýle usuldan saklanyp, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň aýdyň nusgasyny görkezýär.
Hudaýnazar AHMEDOW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler