Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Eziz Türkmenistan Watanymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň milli hem ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny täze derejä çykarmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän, gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamy bolan özboluşly medeni mirasymyz dünýä nusgalyk baýlykdyr, genji-hazynadyr. Milli Liderimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesilleriň bu ugurdaky ukyp-başarnyklaryny, sungata höwesini ösdürmek, olara türkmen aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwretmek maksady bilen ençeme döwletli başlangyçlar öňe sürülýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin ýöriteleşdirilen mekdepleriň, medeniýet öýleriniň sany barha artýar, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar. Döwletimiz tarapyndan berilýän şeýle goldawyň netijesinde medeniýet ulgamynyň binýady günsaýyn kämilleşýär.

Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläk-de baýlaşdyrmak ugrundaky işler häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilip, medeniýet we sungat işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ulgama ömrüni baglan medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň alyp barýan netijeli işleri ata Watanymyzyň ýetýän belent sepgitlerini giňden wagyz etmäge itergi berýär. Çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramak, döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek ilkinji nobatdaky möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Eziz Diýarymyzda birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine-de aýratyn orun berilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän döredijilik bäsleşikleri olaryň hünär taýdan kämilleşmeklerine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýaşlary milli medeniýetimiziň gymmatlyklary bilen içgin tanyşmaga uly ýardam edýär.

ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hormatly Prezidentimiziň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, geçirilýän halkara derejesindäki ylmy maslahatlar, meşhur sungat ussatlarynyň döredijilik saparlary, sergiler, Medeniýet günleri we beýleki bilelikdäki çäreler parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň berkemegine, dostlukly halklaryň taryhy-medeni we ruhy däpleriniň umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Şu ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatlar, amaly-haşam hem-de şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, döredijilik duşuşyklary, konsertler hem bellenmäge mynasypdyr. Şeýle hem 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi şäheriň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirmäge, onuň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmaga şert döredýär we mähriban halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar.

Ikram ABDRIMOW,

Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat
mekdebiniň ksilofon hünäriniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok