Magtymguly Pyragy – tutuş ynsanyýetiň şahyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimize, mirasymyza hem-de nusgawy edebiýatymyza bolan egsilmez buýsanç, belent sarpa şöhratly geçmiş taryhymyzy içgin öwrenmeklige ruhlandyrýar. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan geçmiş mirasymyzy ylmy esasda öwrenmekde beýleki ylmy çeşmeler bilen bir hatarda dana şahyr Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri gymmatly hazyna bolup çykyş edýär. Akyldar şahyryň çeper döredijiligi türkmen diliniň hem edebiýatynyň ähli inçeligini, çeperçiligini, söz baýlyklaryny özünde jemleýär. Şol nukdaýnazardan hem, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Pyragynyň dünýä hem türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy ençeme alymlar tarapyndan öwrenilýär. Merdana halkymyz şygryýet äleminiň ägirdiniň baý döredijiligine uly sarpa, hormat goýýar. Türkmeniň beýik şahyry halkyň ruhy ganaty, beýik buýsanjy, şamçyragydyr. Çünki dana Pyragy tutuş ynsanyýetiň şahyry bolmak bilen, her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň belent nusgasyny dörediji şahsyýet hökmünde baky ýaşaýar.

Belli bolşy ýaly, akyldar şahyryň ömri, ýaşan döwri, baý döredijiligi barada ençeme ylmy işler, publisistik makalalar, şygyrlar ýazyldy, kitaplar çap edildi. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry birnäçe çeper eserlerdir ylmy işlerde, şekillendiriş, aýdym-saz sungatynda öz mynasyp ornuny tapdy. Türkmeniň beýik ogluna goýulýan uly hormatyň aýdyň nyşany hökmünde dana Pyragynyň heýkeli dünýäniň birnäçe ýurdunda oturdyldy.

Pyragynyň goşgulary her bir ynsan üçin paýhas çeşmesidir, parasatly nesihatdyr. Şahyryň agzybirligi, halallygy wagyz edýän goşgulary, millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şahyryň goşgularynyň many-mazmuny örän çuňňur bolmak bilen, kämilligiň ýoluny salgy berýär.

Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyrmak bilen, şygyrlarynda halkylygy, milliligi ösdürip, sözüň güýji bilen ynsanlaryň kalbyna täsir etmegi başaran beýik şahsyýetdir. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri filosofik nukdaýnazardan durmuşyň ähli taraplarynyň özünde jemleýär, çeperçilik taýdan hem ýokary derejä eýedir. Magtymguly Pyragynyň ynsan kalbynyň şahyrydygyny onuň ajaýyp goşgularynyň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilendigi-de aýdyňlygy bilen subut edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýanyň üsti bilen ýurdumyzda türkmen nusgawy şahyry, dana Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak işleri giňden alnyp barylýar. Pyragy ýiti zehini, çuňňur pähim-paýhasy bilen dünýä tanalan, özüniň şygyrlary bilen adyny ýüreklere ebedi nagyşlan umumadamzat şahyrydyr. Şu ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna goşuldy.

Beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligini içgin öwrenmek we tutuş dünýä ýüzüne ýaýmak babatda oňyn işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýola goýýan döwletli işleri batly gadamlar bilen rowaçlansyn!

Jümegül BAÝRAMOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Daşary ýurt dilleri we edebiýaty
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok