Türkmen wekiliýeti «Ýewraziýa Global» halkara ýaşlar forumyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 24-29-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Orenburg şäherinde Ýaşlaryň meseleleri boýunça federal agentliginiň, Orenburg sebitiniň hökümetiniň we ANO “Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň müdirliginiň” ýolbaşçylygynda «Ýewraziýa Global» IX halkara ýaşlar forumy geçirildi.

Forumyň esasy maksady ýaşlaryň halkara gatnaşyklary we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ugrundaky bilimlerini ösdürmek, döwletleriň medeniýetleri bilen bagly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ýurtlaryň geljegi üçin möhüm bolan ähli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny ösdürmek bolup durýar.

«Ýewraziýa Global» dürli ýurtlardan gelen ýaşlaryň arasynda aragatnaşyk gurmak, däp-dessurlara we döwletleriň özygtyýarly deňligi ýörelgesine esaslanýan geljege bolan garaýşy ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen platforma bolup, oňa Russiýa Federasiýasyndan we 115 sany döwletden 500 sany ýaş wekiller gatnaşdylar. Bu foruma türkmen wekiliýeti, şol sanda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Arslan Çaryýew hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Agakuwwat Allaberdiýew hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Forumyň dowamynda bilermenler çykyş edip, halkara derejede dürli çäreler, sergiler we medeni konsertler geçirildi.

Asylly däbe öwrülen bu halkara ýaşlar forumy her ýyl yzygiderli geçirilip, geljekde hem döwletleriň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, halkara hyzmatdyşlygy ösdürmekde uly işleri alyp barar.

Arslan Çaryýew,
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok