Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi – beýik mekdepdir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, beýik zähmet üstünlikleri kalplary uly joşguna besleýär. Medeniýetiň we sungatyň halkyň ruhy baýlygydygy milli gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini äşgär edýär. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, dürli festiwallar, dost-doganlyk konsertleri, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligini dünýä ýüzüne ýaýmak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde, akyldaryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy aýratyn bellenmeli ýagdaýdyr. Munuň özi watandaşlarymyzyň her biriniň kalbynda çäksiz buýsanç hem guwanç duýgusyny döredýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi, «Magtymguly» atly goşgular ýygyndysynyň üç dilde çap edilmegi Gündogaryň beýik akyldaryna, dana şahyra goýulýan belent sarpadan nyşanydyr. Söz ussadynyň medeni mirasyny gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen, şöhratly taryhymyz, milli medeniýetimiz, ruhy gymmatlyklarymyz hakynda söz açýan ölmez-ýitmez eserleriniň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip, halklaryň arasyndaky dostluk köprüsine öwrülendigi-de buýsandyryjy wakadyr. Çünki türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, şygyrýet äleminiň ussat zergäri dana Pyragynyň edebi mirasy, çuňňur pähim-paýhasy, uç gyraksyz pikir ummany beýik mekdepdir. Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetiniň hazynasyna goşant goşan şahyr, filosof we beýik akyldardyr.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şu şanly ýylda eziz ýurdumyzyň Änew şäheri hem «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby çap edildi. Şeýle guwandyryjy wakalaryň biri-biri bilen utgaşykly gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, bu ugurdaky giň gerimli çäreleriň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmegine giň ýol açýar.

Çinara IŞANKULIÝEWA,

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok