Oba hojalyk toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň aýdyň ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň oba hojalyk pudagyny ösüşli gadamlar bilen ilerletmek, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hilini gowulandyrmak, azyk bolçulygyny berkarar etmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işler ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň binýady bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda oba hojalyk toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine gabat gelýän iň täze tehnikalar satyn alnyp, pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň, elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Türkmen obasynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler esasynda ykdysadyýetiň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejä çykýar, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar.

Diýarymyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere birnäçe döwlet ýeňillikleriniň berilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Bularyň ählisi “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda”, “Däneçilik hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bilen berkidilendir. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary hem ýokarlandyryldy. Elbetde şeýle çözgütler oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyryp, yhlasly daýhanlaryň girdejilerini ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Ählimize mälim bolşy ýaly, “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji iýunynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň çäginde “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp, bu toplumyň işi bilen tanyşdy. Kämil enjamlar bilen üpjün edilen bu kärhanada işleriň ýokary derejede alnyp barylmagy, onda işlejek hünärmenleriň dünýäniň dürli ösen ýurtlarynda tejribe okuwlaryny geçmekleri bolsa kärhanada zähmet çekjek işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirip, her bir ýola goýulýan işleriň talabalaýyk derejede bolmagyny üpjün edýär. Milli Liderimiz bu ýerde geçiren iş maslahatynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň we pagtanyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durnukly, ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp geçdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe göwünleri galkyndyrýan şeýle wakalar, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilýän belent sepgitler, oňyn çäreler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Serdar SOPYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok