Oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba hojalyk pudagyny ulgamlaýyn kämilleşdirmek maksady bilen, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga uly üns gönükdirilýär. Ýurdumyzda häzirki zaman ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümçilikleriň sany barha artýar. Oba hojalyk pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň ähli ugurlaryna gözegçilik etmäge, azyk bolçulygyny kepillendirmäge ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäginde “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň täze Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp, toplumyň işi bilen tanyşdy. Häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri bolup, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm hem işleýär, onda oturdylan iň täze fotoseperator enjamy sagatda 18 tonna bugdaýy arassalamaga ukyplydyr. Täze kärhananyň barlaghanasy hem döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde geçirilýän ylmy barlaglaryň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigi, önümçilik düzümlerinde netijeli işlemek, dynç almak üçin zerur şertleriň döredilendigi guwandyryjydyr.

Edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli, yhlasly zähmeti hem-de döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde üstümizdäki ýylda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi, soňky ýyllarda ýurdumyzda däneden alynýan hasylyň mukdary-da yzygiderli artýar, bugdaýyňdyr pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyrylýar.

Ýurdumyzyň däneçilik pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilmegi bol hasylyň ýetişdirilmegini üpjün edip, sahawatly toprakdan alynýan hasylyň artmagynyň, pudagyň ylmy esasda ösdürilmeginiň, eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynyň hem-de halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagynyň baş şertini emele getirýär. Bu bolsa obasenagat toplumynda Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.

Gurbangeldi GURJIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok