Gadymy müsürliler 4 müň ýyl ozal rak keselini bejermäge synanyşypdyrlar

Alymlar Gadymy Müsürden 4000 ýyllyk adam kelle çanagyny tapdylar. Tapylan adam kelle çanagyny doly düşünmek üçin Ispaniýanyň Santýago de Kompostela uniwersitetinden paleopatolog Edgard Kamaros we onuň kärdeşleri gözleg işlerini geçirdiler. Netijede tapylan 4000 ýyllyk adam kelle çanagynyň rak keseli sebäpli aradan çykanlygy ýüze çykaryldy.

Alymlar Gadymy Müsürlileriň rak keseline düşünmäge we bejermäge synanyşandyklaryny mälim etdiler. Muny bilmek üçin 4000 ýyllyk adam kelle çanagyny ýokary çözgütli 3D mikroskopiýa enjamlary we dürli radiologiki usullar arkaly barlagdan geçirildi.

Barlaglaryň netijesinde kelle çanagyň 30-35 ýaş aralygyndaky erkek adama degişlidigi anyklanyldy we kelleçanak süňkünde käbir hirurgiki kesiş yzlary tapyldy. Alymlar bu hirurgiki kesişleri Gadymy Müsürliler rak keseline düşünmek ýa-da keseli bejermek üçin synanyşandyklaryny aýdýarlar.

Umuman aýdylanda, Gadymy Müsürde 4 müň ýyl mundan ozal hem lukmançylyk örän ösüpdir. Muňa şol döwürdäki lukmanlaryň rak keseline düşünmek ýa-da keseli bejermek üçin kelleçanak süňküni hirurgiki kesmekleri hem mysal bolup durýar.

Mahym ESÄÝEWA,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok