Asly hytaýly immigrant maşgalasynyň çagasy bolan ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynda ýaşaýan Wera Ellen Wang dünýä belli dizaýner. Ol häzirki wagta çenli birnäçe meşhur adamlaryň toý we beýleki aýratyn günleri üçin üçin köýneklerini dizaýn etdi.
Mundan başga-da Wang, diňe bir üstünlikli dizaýner bolman eýsem-de ol özüniň ýaşy bilenem göreni haýrana goýýar.
Wera Ellen Wang 1949-njy ýylda doguldy we häzirki wagtda ol 74 ýaşynda. Iýun aýynda 75 ýaşajak Wera sosial ulgamlarda paýlaşan täze suratlary bilen ýene ünsi özüne çekdi.
Ýaşajyk keşbi bilen ünsi özüne çekýän dizaýner, internetde “Siz tersine garraýarsyňyz”, “Wagt size baş egýär” ýaly teswirleri ýygy-ýygydan alýar.
Daşky ýaş görnüşi bilen haýran galdyrýan dizaýneriň syry sagdyn iýmitlenmek we sport bolup durýandygyny nygtaýar. Şeýle hem ol uzak wagtlap işlemegiň garrylyga garşy iň oňat serişdedigini öňe sürýär. Bulardan başga-da, Wera genetiki taýdan bagtlydygyny aýdýar.
Güljahan GAHRYMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler