Ýokary hilli bugdaý hasyly ýetişdirilýär

Daşoguz welaýatynyň meýdanlarynda şu günler «Sähraýy», «Juwan», «Alekseýewiç», «Bezostaýa-100» we başga-da birnäçe görnüşli ýokary hilli bugdaý hasyly ýetişdirilýär. Hasylyň hili ýerli toprak we howa şertleri üçin iň amatly gyş bugdaý görnüşlerine esaslanýar.

Saýlanyp alnan bugdaý görnüşleriniň hemmesi dürli kesellere we durnuksyz howa şertlerine çydamly, ýokary hasylly we ýokary hilli häsiýete eýedir.

Daşoguz welaýatynda tohum dänelerini saýlamaga jogapkärçilikli çemeleşýärler. Sebitde däne ekmek, ýygnamak, saklamak we gaýtadan işlemek ýaly doly agrotehniki işleriň döredilendigi aýratyn bellärliklidir. Ýokary öndürijilikli däne görnüşleriniň önümçilige girizilmegi her gektardan alynýan hasyly ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär we ykdysady taýdan möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin däneleriň dürli görnüşlerini gowulandyrmak üçin yzygiderli zähmet çekilýär.

Şu günler ýerli daýhanlar ösdürilip ýetişdirilen dänelere degişli ideg edýärler we gallany ýöriteleşdirilen enjamlaryň kömegi bilen ýygnamak, daşamak işlerine doly taýýarlyk görýärler. Kabul ediş nokatlary we elewatorlar saklamak we arassalamak üçin birnäçe ýüz müň tonna däne kabul edip bilýär.

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok