“TikTok” 1 sagatlyk wideolary ýükläp boljak täze aýratynlyga eýe bolýar

“YouTube” bilen bäsdeş bolan “TikTok” platformasy täze aýratynlygyny ulanyşa bermäge taýýarlanýar. Geljekde täze aýratynlyk ulanyjylaryň 1 sagatlyk wideolary ýüklemegine mümkinçilik berer. Täze aýratynlyk ilkinji gezek sosial media geňeşçisi Matt Navarra tarapyndan teklip berildi.

Şeýle-de bolsa, “TikTok” ulanyjylarynyň köpüsi täzelenmä şübheli garaýarlar. Sosial media ulanyjylarynyň käbiri muny “gaty zerur däl” diýip häsiýetlendirdi. Sebäbi TikTok ulanyjylary 10 minutlyk wideolary hem soňuna çenli doly görmeýärler.

Häzirki wagtda “TikTok” ulanyjylary bir minut we üç minut uzynlygy bolan iki dürli uzynlykdaky wideolary goýup bilýärler.

“TikTok”-yň metbugat sekretary TechCrunch uzyn görnüşli wideo aýratynlygynyň häzirki wagtda synag edilýändigini tassyklady. Bu aýratynlyk belli bir bazardaky ulanyjylaryň çäkli topary üçin elýeterli bolup biler, ýöne häzirki wagtda bu barada has jikme-jiklik maglumatlar syrly bolmagynda galýar.

Täze aýratynlyk, ýüze makýaž edýänler, aşpezler we beýleki teleýaýlymlar üçin uly mümkinçilikleri döreder diýlip pikir edilýär.

Hudaýnazar ALLABERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok