Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekilip, ondan bol pagta hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, häzirki wagtda gündogar sebitiň ähli etraplarynda gowaça ekişi guramaçylykly dowam etdirilýär.
Häzirki döwre çenli welaýat boýunça jemi gowaça ekilmeli ýeriň 80 göterimine golaýynda ekiş geçirildi. Möwsümde kuwwatly, ýokary öndürijilikli daşary ýurt tehnikalaryndan peýdalanyldy.
Ekiş möwsüminde «Monosem» kysymly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan takyk ekijileriň, şeýle hem ekijileriň kämil görnüşleriniň 400-e golaýynyň netijeli ulanylmagy ekişiň bellenilen möhletde agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini, gowaçanyň kadaly düýbüni almaklygy, şeýle hem öz wagtynda we doly gögeriş gazanylmagyny üpjün eder.
Welaýatda ekiş möwsümi üçin ýokary hilli gowaça çigidiniň ýeterlik mukdarda taýýar edilmegi, bu möhüm çäräni bökdençsiz dowam etmäge şert döredýär. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda gowaçanyň ýokary hasyl berýän, welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyklyk gelýän «Ýolöten-39», «Ýolöten-7», «S-2606» görnüşleri ekilýär we olardan ýokary hasyla garaşylýar.
Gülsenem BÄŞIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler