Ykdysady kuwwat — berk binýat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk maksady iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýar. Bu ugurda döwlet maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurduň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly ykdysady kuwwaty has-da berkitmäge hem-de bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen işler oňyn netijelerini berýär.

Ykdysadyýetiň düzümleýin özgerdilmegi jemi içerki önümiň durnukly artmagyna getirýär. 2023-nji ýylda milli ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi gazanylyp, ol, 2022-nji ýyla garanyňda, 6,3 göterim ýokarlandy.

2023-nji ýylda ykdysadyýetimiziň ähli pudagynda öňegidişlikler gazanylyp, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini söwdada 12,8 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterime we hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy. Şeýlelikde, ýurt boýunça jemi öndürilen önüm 7,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek-satuw haryt dolanyşygy hem 10,9 göterim artdy.

Gysga döwrüň içinde milli ykdysadyýetiň hususy bölegini maksatnamalaýyn ösdürmegiň berk binýady döredildi. Netijede, jemi içerki önümiň ösüşinde hususy bölegiň paýy yzygiderli artdyryldy. Hususy maýa innowasion ösüşe, ykdysadyýetiň anyk ugurlarynda täze sepgitleriň gazanylmagyna hem-de ýokary bäsdeşlikli hyzmatlaryň ösüşine ýardam etmäge gönükdirilýär.

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe bäsdeşlikler durnuklylyga we uzak möhletleýin artykmaçlyga eýe bolýar. Gazanylan artykmaçlyk ýurtda öndürilýän önümleriň eksportynyň geografiýasyny giňeldýär we daşary ýurt pulunyň gelmeginiň akymyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Aýhan AGAMURADOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok