Rejep Taýyp Ärdogan 70 ýaşady!

Şu gün ýagny 26-njy fewralda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 70 ýaşady. Döwlet Baştutanynyň doglan gününi sosial media ulgamlarynda #İyikiDoğdunMilletinAdamı we #CumhurunReisi70Yaşında haştagy bilen millionlarça adam gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dagylar Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna layýklykda, Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we ýaşuly nesle hormat goýmak däplerine eýerip, türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge bahasyna ýetip bolmajak şahsy goşandy, halklaryň jebisligine, gülläp ösmegine gönükdirilen aladany göz öňünde tutup, 70 ýaş toýy mynasybetli, Rejep Taýyp Ärdogana, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Rejep Taýyp Ärdogan 1954-nji ýylyň 26-njy fewralynda Stambulda dünýä indi. Ol 1965-nji ýylda Kasımpaşa Piyale başlangyç mekdebini we 1973-nji ýylda İstanbul İmam Hatip orta hünär mekdebini tamamlady.

Marmara uniwersitetiniň Ykdysadyýet we söwda ylymlary fakultetinde bilim alan Ärdogan bu ýokary okuw mekdebini 1981-nji ýylda tamamlady. Ärdogan ýaşlykdan jemgyýetçilik durmuşy we syýasat bilen içgin gyzyklanyp geldi we dürli ýyllarda dürli wezipelerde işledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok