Çöl ösümlikleriniň ekişine girişildi

Ýylyň islendik paslynda özboluşly aýratynlyklary, tebigy gözellikleri bilen haýran galdyrýan, täsinliklere baý goraghanalaryň biri-de ýurdumyzyň Gündogar sebitinde ýerleşýän Amyderýa döwlet tebigy goraghanasydyr.

Amyderýanyň orta akymynyň hem-de derýanyň kenarlaryny gurşap alan tokaýlyklaryň, derýaýaka Gyzylgum we Garagum sähralarynyň ekologik ulgamlaryny ylmy esaslarda öwrenmek, gorap saklamak maksady bilen 1982-nji ýylda Amyderýa goraghanasy döredilip, onuň düzümine goraghananyň Görelde, Gabakly we Nargyz bölümleri hem-de Kelif çäkli goraghanasy girizilýär. Kelif çäkli goraghanasy günorta-gündogar Garagumda, Lebap welaýatynyň Halaç we Kerki etraplarynda ýerleşip, 103 müň gektar meýdany eýeleýär. Goraghananyň 6 müň 500 gektaryny kenarýaka tokaýlyklar, 36 müň 320 gektaryny hem Garagum we Gyzylgum sähralarynyň belli bir çäkleri eýeleýär. Goraghana Turan pesliginiň çägeli-çöl zolagynyň demirgazyk landşaft sebitiniň çäklerinde ýerleşýär. Amyderýa goraghanasynyň ähli çäginde bolşy ýaly Garagum we Gyzylgum sähralarynda ýerleşýän böleginde hem çöl ösümliklerini gorap saklamak, olary köpeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen goraghananyň nahalhanasynda her ýyl müňlerçe düýp çöl ösümlikleri oturdylyp, olara yhlasly ideg edilýär. Ýaňy-ýakynda hem goraghananyň nahalhanasynda çöl ösümlikleriniň ekişine girişildi. Nahalhanada şu ýyl sazagyň we sözeniň 14 müň düýbüni ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, tohumlardan gögerip çykan nahallar 3-4 ýyldan soň sähra giňişliklerinde ekmäge ýaramly bolýar. Täze nahallar goraghananyň çägindäki sähranyň, esasan, ilatly ýerlere ýakyn zolaklarynda oturdylýar.

Goraghananyň ösümlik dünýäsi hem özüniň köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýokary gurluşly ösümlikleriň 225-den gowrak görnüşi bolup, geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde goraghananyň diňe bir sähralyk meýdanlarynda olaryň 125 görnüşiniň bardygy anyklanyldy. Şolaryň arasynda sähralyklarda dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň 15-si duş gelýär. Tokaý zolaklarda ösümlikleriň 90-a golaý görnüşi gabat gelip, şolaryň 30-dan gowrak görnüşiniň dermanlyk ösümliklerdigi anyklanyldy. Esasan hem bu ýerde toraňňy, petde, igde, jungar söwüdi ýaly agaçlar agdyklyk edýär. Ýylgyn, çemiş, buýan, hyşa, adaty gamyş bilen gurşalyp alnan, agaçlar bilen ýanaşyk geçmesi kyn jeňňellikler tokaý haýwanlarynyň esasy ýaşaýan ýerini, sözüň doly manysynda, ýaşaýan tebigy öýüni emele getirýär.

Mähri GARAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok