Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň milli maksatnamalary hem ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, türkmen sportuny dünýä çykarmaga gönükdirilen wezipeler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.
Sport adama saglyk bilen birlikde ruhubelentligi, ýaşaýşa bolan söýgini, özüňe bolan ynamy bagyş edýär. Şonuň üçin hem Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni has hem kämilleşdirmäge çäksiz mümkinçilikleri döredip berýär. Sporty ösdürmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Sport ruhubelent durmuşda ýaşamaga, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegine uly täsir edýär. Saglyk bilen alynmajak gala, ýetilmejek menzil ýokdur. Ähli zadyň sakasy adamyň jan saglygydyr. Akylly, paýhasly, terbiýeli, bilimli ýaş nesli kemala getirmegiň ilkinji ýoly çaganyň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagydyr.
Häzirki wagtda sport halkara hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär. Türgenler bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Sport üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde sagdyn nesil kemala gelýär. Goý, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Kamyljan HAMRAÝEW,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň
59-njy orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.
Teswirler
Gaty gowy mugallym