Gündogar sebitiň obasenagat toplumynyň işgärleri 2024-nji ýylda «ak altynyň» hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler.
Welaýatda şu önümçilik ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen tutanýerli zähmet çekýän welaýatyň daýhanlarynyň iş öndürijiligi barha depginli häsiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda welaýat boýunça gowaça ekiljek ýerlerde ýuwuş suwuny tutmak we ýerleri gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär.
Şu döwre çenli sebitde 95 müň 800 gektardan gowrak ýere 19 müň 400 tonna golaý fosfor döküni berlipdir. Bu bolsa her gektara 200 kilogramdan gowrak döküniň düşýändigini görkezýär. Fosfor, ýagny superfosfat we ammofos dökünleri bilen gurplandyrylan ýerleriň hasyllylygy hem ep-esli ýokarlanýar. Welaýat boýunça şu möwsümde gowaça ekjek hojalyklaryň zerur bolan fosfor döküni bilen doly üpjün edilendigini hem belläp geçmek möhümdir.
Ýerlere dökün bermek işleri Dänew we Halaç etraplarynda tamamlanyp, Çärjew we Darganata etraplarynda hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatda 2024-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde ýuwuş suwuny tutmak işleri-de barha ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwre çenli Gündogar sebiti boýunça 25 müň 200 gektardan gowrak ýerde ýuwuş suwy tutulypdyr.
Gurbanmämmet AMANOW,
Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.
Teswirler