Türkmen samboçylary halkara ýaryşda çykyş ederler

Sambo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Minsk şäherinde (Belarus Respublikasy) okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu türgenleşiklere türgenleriň 37-si gatnaşyp, şol pälwanlaryň 25-si erkekler, 12-si bolsa gyzlardyr. Erkekler ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Çary Meredow bolsa, zenanlar ýygyndymyza bolsa Ruşana Nurjowowa tälimçilik edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmen samboçylary okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde «Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky» halkara ýaryşda çykyş ederler. Ýaryş 7 — 10-njy fewral aralygynda Minsk şäherinde geçer. Bu ýaryş türkmenistanly samboçylara okuw-türgenleşik döwründe gören taýýarlyk işleriniň netijelerini görkezmäge mümkinçilik berer. Türkmen türgenleriniň ykjam türgenleşikleri 13-nji fewrala çenli dowam eder.

Ezizmuhammet HAJYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok