BAÝRAKLAR BUÝSANJA BESLEÝÄR

Çagalykda, heniz mekdep okuwçysy wagtymyz mugallymdan eşiden öwgüli sözlerimiz, alan bäşlik bahalarymyz, bäsleşiklerde mynasyp bolan baýrakly orunlarymyzdan başlap her bir eýe bolan üstünliklerimiziň bize berýän buýsanjy, gör, nähili üýtgeşik bolýardy. Şol çagalyk pursatlaryndaky begençli duýgulary başdan geçirip bilmäge mümkinçilik bolsady, onda haýsy birimiz şol ajaýyp pursatlara dolanmazdyk?! Ýöne çagalygyň arzyly pursatlaryna dolanyp bilmesegem, şol süýji duýgulara çagalaryň ýürek buýsanjyny diňlemek arkaly berlip bileris.

Arzyly pursatlaryň buýsanjyny beýan etjek ýaşajyk söhbetdeşlerimiz bolsa, mekdepde göreldeli okamak bilen birlikde jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmäge, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolup, ata Watanymyzyň abraýyny belende götermäge goşant goşup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan ýaşajyk dostlarymyz. Geliň, olaryň ýürek buýsanjyny diňläliň!

Mahym ABAÝEWA, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy:

— Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň yglan edýän bäsleşiklerine işjeň gatnaşýaryn. On ýaşymdan bäri aýdym aýdýaryn. Aýdym-saz babatda goldaw berýän halypam Myrat Karaýew bilen bilelikde ata Watanymyzy, bagtyýar döwrümizi wasp edýän birnäçe aýdymlary öwrendik.
2018 — 2019-njy ýyllarda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, welaýat tapgyrynda ýeňiji bolmagym meni has-da ruhlandyrdy. Şondan soňra ýdym-saz sungatyna has-da imrinip başladym. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, aýdym aýtmakdan başga surat çekmek bilen hem meşgullanýaryn, medeni-köpçülikleýin çärelere yzygiderli gatnaşýaryn. Bu günki günde Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny almagym bolsa, meniň üçin hakyky baýramçylyk boldy. Okamaga, döredijiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga ähli şertleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza
biz — ýaş nesilleriň alkyşymyz çäksizdir.

Begenç AMAŞOW, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 17-nji
orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy:
— Biz — ýaşlaryň döwrebap bilim almagymyzyň, döredijilik bilen meşgullanmagymyzyň, bagtyýar ýaşaýşymyzyň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzdyr. Şonuň üçin sözümiň başyny hormatly Prezidentimize alkyş sözleri bilen başlaýaryn. Goý, bize bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren mähriban Arkadagymyzyň jany sag, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn! Şeýle ajaýyp döwrümizde amala aşyrylýan beýik işlere sesimi goşup, ony şygyrlarym bilen wasp edýärin. Kiçi synplarda okaýan wagtlarymdan bäri goşgy goşmak bilen «Güneş» žurnalynda, «Nesil» hem-de «Daşoguz habarlary» gazetlerinde yzygiderli çykyş edýärin. Medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşyp, gazet-žurnallarda ata Watanymyzyň waspyny ýetirýändigim üçin, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolmagym geljekde has-da arzyly menzillere höweslendirýär. Şu pursatda baýrakdan paýly beýleki deň-duşlarymy hem tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, ýurdumyza wepaly ýaşlar bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys. Sözümi bolsa şu goşgy setirleri bilen jemlemekçi:
Goldanylýar tutumlarňyz, işlerňiz,
Ýyldan-ýyla rowaç alsyn şanyňyz.
Peşgeş beren ajap döwrüňiz üçin,
Mydam alkyş aýdýas, Arkadagymyz!

Allaberdi ATANIÝAZOW, Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 6-njy
orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy:

— «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmak bagtynyň miýesser edendigine begenjimiň çägi ýok. Aýdym aýtmaga bolan höwesim bilen kakamyň maňa siňdiren yhlasy netijesinde geçen ýyl «Merdana nesil» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ýeňiji boldum. Okuwymdan boş wagtlarym Serdar şäherindäki Çagalar we ýetginjekler sungat mekdebine gatnaýaryn.
Şeýle-de kakamdan gitara saz guralynda aýdym aýtmagy öwrenýärin. Geljekde hem blok saz guralyny çalmagy öwrenip, onuň gapdalyndan
aýdym aýtmagy maksat edinýärin. Çagalaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ata Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşy üçin mähriban
Arkadagymyzyň belent başy aman bolsun!

Leýli NURÝAGDYÝEWA, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy:
— Men aýdym aýtmak, saz çalmak bilen 1-nji synpdan bäri meşgullanýaryn. Okuwymdan daşary bolsa şäherimizdäki 2-nji Çagalar sungat mekdebiniň fortepiano bölümine gatnaýaryn. Bagtyýarlyk döwrümizde döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, aýdym aýtmak, saz çalmak bilen bagly dürli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýaryn. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginde hem welaýat tapgyrynda baýrakly orna mynasyp boldum. Bu gün bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna eýe bolmagym aýdym-saz sungatyna höwesimi has-da goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk döwrüne mynasyp ýaşlar bolup ýetişeris.

Patma HUDAÝBERDIÝEWA, Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy:
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni peşgeş berip, okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanyp, ata Watanymyzyň waspyny belentden ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bu gün Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldum. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Eziz Diýarymyzda aýdym aýtmaga, bagtyýarlyk döwrümiziň waspyny şirin owazda ýetirmäge ähli şertler bar. Ýurdumyzda ýaş nesiller üçin döredilýän oňyn şertlerden peýdalanyp, şäherimiziň Medeniýet öýüniň ses režissýory Myratgeldi Altylyýewiň halypalyk etmeginde birnäçe aýdymlar bilen teleýaýlymlarda yzygiderli çykyş edýärin. Döredijilik bäsleşiklerine höwes bilen gatnaşýaryn. Hut «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda baýrakly orna mynasyp bolmagym hem şu günki ýaly begenç duýgusyny döredipdi. Şeýle ajaýyp günde, bagtly pursatda mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny çaga kalbymdan arzuw edýärin.

Umytaly GURBANOW, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy:
— Sözümiň başynda bizi şeýle bagtly günlere, bagtyýar döwre ýetiren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerimi goşgy setirlerimde beýan etmekçi: Her bir işde göreldämiz, Ýaşa, Arkadagym‚ ýaşa! Paýhasyňyz ýörelgämiz, Ýaşa, Arkadagym‚ ýaşa! Zehinlere hemaýat bar, Baky bagtdan alamat bar, Watan diňe öňe barýar, Ýaşa, Arkadagym‚ ýaşa! Bu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň arzyly baýragynyň eýesi bolmagym, şeýle bezemen, owadan binada ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen deň-duşlarym bilen baýragyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşmagym mende buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilim, döredijilik, sport… umuman ähli ugurlar bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Men okuwymyň daşyndan goşgy goşmak, hekaýa ýazmak, surat çekmek bilen meşgullanýaryn. Deprek saz guralyna erk edip, medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýaryn. Bu gün bolsa ýurdumyzyň zehinli çagalarynyň baýragyna eýe bolmagym meni döredijilik gözleglerine ruhlandyrdy. Nesip bolsa, geljekde hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişeris. Pursatdan peýdalanyp mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Ýazga geçiren Seýran SEÝITMÄMMEDOW

Çeşme: Nesil gazeti 09.01.2019

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok