Dowarlar göwnejaý idedilýär

Türkmenistan döwletimizde oba hojalyk ulgamynyň ähli ugurlary bilen birlikde maldarçylyga-da aýratyn üns berilýär. Bu ugruň ösdürilmegi netijesinde halkymyz et, süýt önümleri bilen üpjün edilýär. Bu babatda mallaryň baş sanyny artdyrmak esasy wezipe bolup durýar.

Ýurdumyzyň tejribeli maldarlary mallaryň baş sanyny artdyrmagy, olardan alynýan önümiň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärler. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny hem ýokary zähmet netijeleri bilen jemlediler.

Maldarlaryň aladasy ýylboýy ýetik bolýar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli» diýleni. Gyş pasly howa üýtgäp duransoň, çopanlar üçin synag döwri hasaplanýar. Muňa oňat düşünýän hojalygyň maldarlary «Gyş gamyny ýaz iý», «Oty köpüň — maly dok» diýlenine eýerip, ot-iým goruny irgözünden taýýarladylar. Meýilnama boýunça müňlerçe tonna ot taýýarlanyldy. Ätiýaçlyk gyş otlary mallaryň gyşladyljak ýerlerine eltildi.

Maldarlar gije-gündiz mallaryň aladasynda. Ýagan gar ýerde uzak ýatsa-da, çopanlar dowarlary dok we ýyly gyşladýarlar. Mallary oňat gyşladyp, kadaly semizlikde saklamakda çopanlar göreldeli zähmet çekýärler. Maldarlaryň ýadawsyz aladalary mallaryň sanynyň, önümliliginiň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ugry ösdürmekde alyp barýan bimöçber tagallalaryna jogap edip, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine dowardarlar söz berýärler.

Jeýhun GAÝGYSYZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok