Zer önýän bereketli topragymyz bar!

Her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmak, önüm öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge goşant etmek häzirki döwrüň iň uly wezipeleriniň biri bolup durýar.

Biziň der döküp, yhlas etseň, zer önýän bereketli topragymyz bar. Ýylyň-ýylyna bu toprakda edermen, janypkeş daýhanlarymyz ak bugdaýdyr “ak altynyň”, gökdür bakja, miwe önümleriniň bol hem datly hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Esasy ekinleriň hatarynda ekilip, ideg edilýän gant şugundyryndan bolsa “Maryşeker” kärhanasynda işlenilip, islegli önümler öndürilýär.

Gant şugundyry ekiljek ýerler, mes toprakly, toýunsow ýerler bolup, suwa amatly bolmaly. Bu aralyk ekin aglaba galla hasylyndan boşan ýerlere ekilýär. Ýylyň dowamynda ýerden iki hasyl alynmagy bolsa, her gektar meýdanyň düşewüntliligini artdyryp, daýhanyň çeken zähmetine görä baýamagyna ýardam berýär.

Daýhanlaryň halal zähmetleri bilen baýamagyna giň mümkinçilikleri döredip, kömek-goldawlaryny gaýgyrmaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!

Orazjemal MERDANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok