Maksatlar myradyna gowuşýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulan Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşmeýilliligiň, sungatyň, medeniýetiň, sportuň halkara derejesinde dabaralanýan ýurduna öwrüldi. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän taglymatlary türkmen topragyna şamçyrag bolup şugla saçýar.

Edermen daýhanlarymyzyň halal zähmetine döwlet tarapyndan uly goldaw-ýardam berilýär. Güneşli ýurdumyzyň sahawatly topragyndan bol hasyl öndürýän türkmen daýhanyna işlemäge, halal zähmeti bilen baýamaga giň mümkinçilikler açylýar. Tehniki hyzmatlaryň, döküniň, tohumyň, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň daýhanlara ýeňillikli bahadan berilmegi işe höweslendirýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alynmagyny, kärendeçiler bilen tabşyrylan önüm üçin öz wagtynda hasaplaşyk geçirilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle giň mümkinçilikler daýhanlarymyzy bereketli türkmen topragyndan ak bugdaýyň hem-de pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge ruhlandyrýar.

Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il- ýurt bähbitli beýik işleri rowaç alsyn!

Oguljan ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok