Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigat waspy

Türkmen halkynyň şygryýet dünýäsi barada aýdylanda, ilkinji nobatda, türkmen şahyry, dana Magtymguly Pyragynyň ady göz öňüňe gelýär. Akyldar şahyryň adamkärçilik, watansöýüjilik, batyrgaýlyk, päk ahlaklylyk, tebigat we onuň gözelligi baradaky şygyrlary ynsan kalbyny joşdurýar, ynsanlyk duýgulary oýarýar. Şahyryň giň many-mazmunly şygyrlary ýokary estetiki garaýyşlara eýe bolup, dünýä akyl ýetirmegiň mümkindigini öňe çykarýar.

Şa­hy­ryň:
Ja­nym bi­ziň, So­ňu­da­gy,
Dag­dan­ly­dyr bi­liň se­niň

di­ýip, baş­la­ýan goş­gy se­tir­le­rin­de Garaşsyz Wa­ta­ny­my­zyň te­bi­ga­ty, onuň gö­zel­li­gi wasp edil­ýär. Goş­gydaky beýan edilýän setirleriň ma­ny-maz­mu­ny di­ňe bir te­bi­gat bi­len bag­la­ny­şyk­ly däl, eý­sem, on­da kü­ren tutan il­ler, Beýik ýüpek ýoluny ýatlatýan ker­wen ýol­la­ry, umu­man, Türkmen topragynyň gö­zel ýer­le­riniň ila­ty ha­kyn­da wasp edil­ýär.

Mundan başgada Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dürli di­llerdä­ki goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň ençeme döwletlerde çap edilendigi bellärliklidir. Ýurdumyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek üçin uly taýýarlyk görülýär.

Daýanç Agamedow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň Geografiýa fakultetiniň
I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok