Daýhandan — hereket, ýerden — bereket

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zähmetsöýer adamlaryň şaly ýaly bereketli ekini ösdürip ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikler we ýeňillikler döredilýär. Şalyçylaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen geçen ýyllarda şalynyň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhy hem birnäçe gezek ýokarlandyryldy, kuwwatly tehnikalar bolsa yzygiderli satyn alnyp berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda şalyçylaryň zähmetine uly sarpa goýulýar. Ilatyň saçagynda köp görnüşli, ýokary hilli we ýokumly, bol azyklyk önümleriň arasynda şaly esasy orny eýeleýär. Bazarlarymyzda şalynyň bolçulygynyň döredilmegi zähmetsöýer iliň berekediniň çogýandygyny görkezýär. Şu günlerde şalydan öndürilen tüwiniň dürli görnüşleri ak bazarlarymyzda elýeterli bahadan hödürlenilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agrosenagat toplumynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar, daýhanlaryň zähmetine mynasyp baha berilýär. Şeýle özgertmeler netijesinde, ýer eýeleriniň ene topraga bolan yhlasy artýar. Bu günki gün mele topraga yhlasly zähmetini siňdirýän daýhanlar döredilýän oňaýly şertler, berýän hemaýat-goldawlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Aýsenem SERDAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok